Döredijilik dünýäsi
  • Watan ogullaryn unudyp bolmaz

  • Watan üçin, toprak, namys-ar üçin,

    «Ýeňiş, ýeňiş» sözün gaýtalap pert-pert.

    Duşman güllesini ýurda düşürmän,

    Gyzgyn gursagynda saklapdyr mertler.

     

    Olar pendin alyp atanyň-enäň,

    Söweş meýdanynda aýaman janyn,

    Bir gysym topragy ...

    23.04.2020
  • Gahrymanlar baky ýaşar gursakda

  • Duşmanlara garşy döşün gerenler,

    Gahrymanlar baky ýaşar gursakda.

    Ata Watan üçin janyn berenler,

    Gahrymanlar baky ýaşar gursakda.

     

    Duşmanlara garşy ok deý atylan,

    Gözlerini ýumman daňlar atyran,

    Yzda hossarlary aglap ...

    23.04.2020
  • Watan

  • Garşsyz,bitarap saýasynda

    Gül açan ykbally Watan

    Galkynýan döwrüň aýasynda

    Myrat tapan illi Watan.

     

    Ösüşlere älem haýran

    Awazaň myhmanly,Watan

    Dostluk goluň uzap hert ýan

    Ýeten menzillerňe gurban.

      ...

    23.04.2020
  • Kepderi, ak kepderi....

  • (oýlanma)

     

    Kepderi, ak kepderi, sen ömrüň bagt depderi. Näme üçin?! Çünki sen asmanda aga-ýana gaýyp ýörseň, ykballara bagtyň ýaranlygydyr. Sen guşlaryň görklüsi hem erklisi. Parahatçylyk nyşany diýlip ýöne ýere ...

    23.04.2020
  • Watan ogullary

  • Watan üçin berip şirin janyny,

    Watan goragynda duran ogullar.

    Watana bagş eýläp hany-manyny,

    Watany gerdenne göterdi olar.

     

    Tug edinip her dem namysy-ary,

    Bagtly günleň goragynda durdular.

    Başlara täç eýläp ...

    23.04.2020
  • Weteranyň ýatlamasy

  • Kiýewde söweşiň gyzyşan çagy,

    Bir ýigit bat bilen iterdi meni.

    Görsem, şabrap akýan gana bulaşyp,

    Ýigit kynlyk bilen alýardy demin.

     

    Ol soňky deminde, assa ýylgyrdy,

    Bu bolsa, meň üçin ...

    23.04.2020
  • Gerçek ýoly

  • Watançylyk urşuň ody,

    Goýdy kalpda öçmez ody.

    Ol bir joşan giň derýady,

    Dünýä doldy oň perýady.

     

    Dartgynlydy söweş ýoly,

    Hüjüm edýäs duşman sary.

    Indi, garaz, bäş ýyl bäri,

    Dökülýärdi ...

    23.04.2020
  • Watan

  • Her daban topragyň gorap jan beren,

    Goýnunda garylyp şehitler ýatan.

    Göbek ganym daman ýeri bu ýerler,

    Başymyzyň täji, mukaddes Watan!

     

    Ata-babalaryň arzuw-hyýaly,

    Gülleýär, gül açýar türkmen Diýary.

    Bir supraň ...

    23.04.2020
  • Watannama

  • Bireýýäm keşbime siňip gidipsiň,

    Öwrülip goşgyma, aýdyma, Watan!

    Mukaddes kesbime siňip gidipsiň,

    Höwrügip joşguna, gaýdyma, Watan!

     

    Adyň köňüllerde gurlan ymarat,

    Saňa gulluk – bize berlen ybadat.

    Süňňi tämiz duýgulardan ...

    23.04.2020
  • Goja esgeriň ýatlamasy

  • Men hiç zat hem getirmedim uruşdan,

    Gaýdypdym, Ýeňişiň yzyna düşüp.

    Gursakdaky bir bölejik gurşundan,

    Başga olja getirmändim üýtgeşik.

     

    Egnimde goşhaltam, içinde hem nan,

    Kisämde ýol harjym bir bary-ýokly.

    Meniň ...

    21.04.2020
  • Mamam gözýaş döküp aglaýar eken

  • Jeňden söz açylsa telewizorda,

    Ýa-da kino görkezilse söweşli.

    Mamam gözýaş döküp aglaýar eken:

    «Meniň agalamam şeýdip söweşdi.

     

    Bilýän, olar şeýdip söweşendirler,

    Mertdiler, ýüzlerni çytman gitdiler.

    Yzlaryndan garap galdyk, hoşlaşdyk ...

    21.04.2020
  • Kakamdan gelen hat

  • «Buşluk, ogluň boldy!» habaryny eşidenimde uçaýjak boldum, göwnüme şol wagt menden bagtly ynsan ýokdy. Wagt geçdi. «Eje, kaka» diýip, dillendiň, emedekläp, soňra ýörjen-ýörjen bolup başladyň. Şeýdip, biziň üçin bahasyna ...

    21.04.2020
  • Ezber serhetçi

  • Gijesi-gündizi ýok, yssy-sowgy,

    Gaýduwsyz esgeriň egsilmez dogmy,

    Beýik Ýeňşi beren gerçekleň ogly,

    Ezber serhetçi.

     

    Dagy-düzi, derýa-deňzi gezerler,

    Dagda bürgüt, suwda guw dek ýüzerler,

    Hydyr gezen çölde ýören bu nerler ...

    21.04.2020
  • Unudylmajak günler

  • (hekaýa)

    Ýazjemal ir oýandy. Reňki soluşan begres donuny egnine geýip, daş çykdy. Güýz pasly ýaňy başlanam bolsa, howanyň ýakymsyz çigregi bardy. Asman bulutlaşyp, çytylyp durdy. Ýapraklaryna eýýäm sary reňk çaýylan ...

    20.04.2020
    <
    1
    2
    3
    4
    5
    6
    ...
    31
    32
    >