Harby hukuk

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HARBY DOKTRINASY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy (mundan beýläk – Harby doktrina) parahatçylyk söýüji daşary syýasaty ýöredýän Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän ýörelgeleriň, maksatlaryň we wezipeleriň döwlet derejesinde resmi taýdan kabul edilen ulgamy bolup durýar.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň milli howpsuzlygy hakynda

Şu Kanun Türkmenistanyň milli howpsuzlygy babatda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň mazmunyny we ýörelgelerini, şeýle hem Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatlaryny we ugurlaryny kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi hakynda

Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işiniň hukuk esaslaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda

Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda öz ata Watanyny - Türkmenistany, onuň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini, konstitusion gurluşyny goramaga borçludyr.
Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň harby borçlulyk we harby gulluk çygrynda Watany goramakdaky konstitusion borçlaryny we wezipelerini ýerine ýetirmeklerini hukuk taýdan kadalaşdyrmagy amala aşyrýar.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Harby gullukçylaryň maddy jogapkärçiligi hakynda

Şu Kanun harby gullukçylaryň hem-de harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda olar tarapyndan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň emlägine ýetirilen zyýan üçin maddy jogapkärçilige çekmegiň we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň tertibini kesgitleýär, şeýle hem maddy jogapkärçiligiň çäklerini we möçberlerini belleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Hukuk namalary hakynda

Şu Kanun hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň, hödürlemegiň, ara alyp maslahatlaşmagyň, kabul etmegiň, bellige almagyň, herekete girizmegiň, üýtgetmegiň we hukuk namalarynyň hereketini bes etmegiň we togtatmagyň, şeýle hem olary çap etmegiň tertibini kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda

Şu Kanun harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle-de harby gullukçylaryň we harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär.