MAKALA

Rowaçlygyň ýurdy

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ösüşleri üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde her bir ýylymyz uly üstünliklere, rowaçlyklara, şanly wakalara beslenýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar.

2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi bilen işler täze rowaçlyklardan başlandy, üstünlikler, özgertmeler durmuşymyzy gurşap alýar, abadançylygy we ösüşi üpjün edýär.

Agzybirlik, arkalaşyk, hoşniýetlilik rowaçlygyň möhüm şertleri bolup, olar türkmen halkynyň asyrlarboýy ýöreden ýörelgesidir. Bu ýörelgä ygrarlylyk Türkmenistany abraýly, kuwwatly döwlete öwürdi.

Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiz milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga uly möçberli serişdeleri gönükdirýär. Bilimiň mazmunyny we hilini dünýä ölçeglerine kybap getirmek üçin giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bilim edaralarynyň täze döwrebap binalary gurulýar. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usuly binýady döwrebaplaşdyrylýar, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» amala aşyrylýar.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda ösüp gelýän ýaş nesle merdana halkymyzyň şöhratly taryhy, milli Liderimiziň dünýä ýurtlarynyň hem-de halklarynyň arasynda söwda, medeni, ylym-bilim gatnaşyklary ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän giň gerimli we tutumly işleri hakda düşünje bermekde, ýaş nesilde taryhymyza, medeni we ruhy gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanjy terbiýelemekde bilim işgärleriniň öňünde uly we jogapkärli wezipeler durýar.

«Rowaçlyk» diýen söz halk arasynda häli-şindi ulanylýar. «Işiň rowaç bolsun!», «Tutumyň rowaç alsyn!», «Rowaçlyklar ýar bolsun!» diýip arzuw edilyär.

Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler ösüşleriň möhüm bölegidir. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan, onuň ylym-bilim binýadynyň berkligine baglydyr. Halkymyzyň bagtyýarlygy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Nurmyrat ANNAMYRADOW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

  • 54
  • 02.02.2019