MAKALA

Aşgabatda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň çäginde geçirilýän çäreler badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň (Asia-Pacific Broadcasting Union-ABU) 55-nji mejlisiniň çäklerinde geçýän ýöriteleşdirilen serginiň we birnäçe beýleki çäreleriň açylyşy boldy.

Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň forumynyň geçirilmegi üçin ýurdumyzyň saýlanyp alynmagy — munuň özi parahatçylygyň we döredijiligiň netijeli daşary strategiýasyny durmuşa geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha artýan abraýynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Belli bolşy ýaly, ABU 1964-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda dünýäniň 73 ýurdunyň teleradiokompaniýalarynyň 279-sy onuň agzasy bolup durýar. Gepleşikler birleşiginiň täzelikleri, ylmy-akyl ýetiriji we sport ýaýlymlary 3 milliard tomaşaçyny öz gerimine alýar.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti 2012-nji ýylyň aprelinden bäri bu iri halkara guramasynyň doly hukukly agzasydyr. Türkmen telewideniýesiniň wekilleri bu düzümiň halkara forumlaryna yzygiderli gatnaşýarlar, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy bolsa halkara ýaryşlaryny alyp görkezmek ulgamynda daşary ýurtly kompaniýalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.

Geçen ýylyň maýynda türkmen paýtagtynda dünýäniň 19 döwletinden 60-dan gowrak wekili özüne birleşdirýän Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikleriniň sport toparynyň 54-nji Halkara maslahatynyň geçirilmegi hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmegiň aýdyň mysaly boldy.

Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň sport topary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň netijesinde ýurdumyzyň sport teleýaýlymynyň göni ýaýlymynda birnäçe halkara sport bäsleşiklerini alyp görkezmek ýola goýuldy.

Geçen ýyl Türkmenistanda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny alyp görkezmegiň we mahabat etmegiň çäklerinde hem birleşik bilen netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyryldy. Ýer ýüzüniň yklymlarynyň, ozaly bilen hem, Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň halkara telewizion korporasiýalary, täzelikler ýaýlymlary, sport köpçülikleýin habar beriş serişdeleri «Aşgabat 2017-niň» oýunlarynyň meýdançasyndaky bäsleşikleriň şowhunyny köpçülige ýetirmegi başardylar.

2017-nji ýylyň noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Syçuwan şäherinde geçen Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 54-nji mejlisinde Aşgabatda bolan V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede şöhlelendirilendigi bellenildi.

ABU-nyň 55-nji mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna dünýäniň resmi wekiliýetleri, dürli ýurtlaryň teleradiokompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, wokalistler geldiler.

Mälim bolşy ýaly, dürli ulgamlarda öňdebaryjy dünýä tejribelerini, häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny öwrenmek we ornaşdyrmak, hünärli işgärleri taýýarlamak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň möhüm düzüm bölegidir. Bu ugurda Türkmenistan esasy halkara we sebitleýin düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.

Şu günki “Ýyldyz” myhmanhanasynyň eýwanynda açylan, teleradiokompaniýalaryň, ýörite-ugurdaş enjamlary öndüriji, şeýle hem hemra aragatnaşyklary boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän kompaniýalaryň mümkinçiliklerini görkezýän sergi munuň aýdyň mysalydyr.

Bu ýerde Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, TPT World, Apstar türk gepleşikler kompaniýasy, şeýle hem ýurdumyzyň ýaş internet-serişdeleriniň biri bolan “Orient” öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Bellenilişi ýaly, halkara gepleşikler hyzmatdaşlygynyň işjeň ösýän ugurlarynyň biri sportdyr. Şoňa görä-de, sergi meýdançasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň diwarlygynyň goýulmagy tebigydyr. Bu ýerde türkmen türgenleriniň iri halkara bäsleşiklerinde, şol sanda şu aýda ýurdumyzda geçen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisinde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän gymmatlyklar goýlupdyr.

Myhmanlara şeýle hem ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazananlary görkezildi.

Şu gün myhmanhananyň maslahatlar zalynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda “Sport” radiogepleşikleri, maksatnamalaşdyrmak we strategiýalaşdyrmak, şeýle hem tehniki topar boýunça iş toparlarynyň mejlisleri öz işlerine başladylar.

Ýakyn günlerde ABU-nyň mejlisiniň çäklerinde Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny, zenanlar forumyny, dolandyryjylaryň okuw maslahatyny, VII aýdym festiwalyny geçirmek meýilleşdirildi.

4-nji oktýabrda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň resmi açylyş dabarasy bolar. Onuň mejlisinde jemler jemleniler we geljekki döwür üçin ugurlar kesgitleniler.

Foruma gatnaşyjylar üçin paýtagtymyzdaky muzeýlere, “Nusaý” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp görmegi öz içine alýan uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Bu ýerlerde milli medeniýetiň, onuň aýrylmaz bölegi bolan folklor we amaly-haşam sungatynyň ösüşi hakynda gürrüň berýän çäreler guralar, türkmen bedewleri we milli tagamlar görkeziler.

Türkmen paýtagtynda ABU-nyň wekilçilikli forumynyň geçirilmegi teleradiogepleşikler ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny we özara peýdaly tejribe alyşmagyny ösdürmäge, gatnaşyklary ýola goýmaga, öňdebaryjy maglumat aragatnaşyk tehnologiýasyny ýaýratmaga gönükdirilendir, ol şeýle hem Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigine agza ýurtlaryň arasynda has işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.

  • 35
  • 01.10.2018