MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Boeing» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-da bolmagynyň çäklerinde şu gün “Boeing” kompaniýasynyň halkara satyşlar boýunça direktory Braýan Loppy kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iri amerikan kompaniýasynyň wekili pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutanyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady hem-de milli Liderimiziň bütin jemgyýetçiligi tolgundyrýan ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine degişli öňe süren başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi.

Şu babatda jenap Braýan Lopp türkmen Lideriniň, şol sanda ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirip, alyp barýan daşary syýasat ýörelgesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolup, ykrar edilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ulag ýaly şeýle möhüm we wajyp ugurda hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde ýurdumyzyň hemişe işjeň orun eýeleýändigini kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýledigine üstaşyr-ulag aragatnaşyklaryny ösdürmek boýunça biziň ýurdumyzyň ozal öňe süren birnäçe netijeli başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär. Şol başlangyçlar sebit we dünýä möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini has doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, çäk taýdan örän amatly ýerleşmegi Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynyň möhüm üstaşyr-ulag merkezine öwrülmegi üçin hemme şertleri döredýär. Bu mümkinçilikleriň peýdalanylmagy üçin ýurtda ulag gatnawlarynyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalary amala aşyrylýar.

Duşuşygyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmen Lideri “Boeing” awiakompaniýasynyň ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň bu kysymly uçarlary saýlamagy halkara, sebit we içerki howa gatnawlarynda olary iş ýüzünde peýdalanmakdan toplanan oňyn tejribe bilen şertlenendir. Bu çözgüt şeýle hem awiaýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary dünýä ölçeglerini ykrar etmäge hem-de ähli ugurlarda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan ymtylmalardan ugur alýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda “Boeing 737 MAX7” uçarlarynyň has oňaýly täze görnüşlerini satyn almak hakynda degişli resminama gol çekilendigini belledi hem-de iň täze uçar tehnikalarynyň ulanylmagynyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini ep-esli artdyrjakdygyny hem-de howa arkaly ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüşini mundan beýläk-de ýokary derejede üpjün etjekdigini nygtady.

Jenap Braýan Lopp “Boeing” kompaniýasynyň işine berýän ýokary bahasy üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirip, türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de gatnaşyk etmegiň bar bolan mümkinçiliklerini iki tarapyň bähbitleri üçin netijeli amala aşyrmak maksady bilen, ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

  • 32
  • 01.10.2018