MAKALA

Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň günleri başlandy

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda (HGI) Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň açylyş dabarasy boldy.

1 — 31-nji oktýabr aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän, türkmen jemgyýetinde maksatlaryň ähmiýeti barada bilim alýan ýaşlar hem-de döwlet gullukçylary üçin okuw maksatnamalary arkaly ýurdumyzda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň ählumumy Gün tertibini ilerletmäge ýardam etjek giň gerimli çäräni HGI-niň Ylym-usulyýet merkezi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy bilelikde guradylar.

Çärä Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary hem-de talyplary, BMG-niň Aşgabatda işleýän guramalarynyň — BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA), BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), şeýle hem Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaradan öň institutyň okuw binalarynyň birinde degişli ugurdan BMG-niň agentlikleri hem-de Ylym-usulyýet merkezi tarapyndan taýýarlanan neşirleriň sergisi guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze döwürde gazanan üstünliklerine bagyşlanan köp sanly ylmy we edebi işleri aýratyn orun eýeledi. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriniň ikinji kitaby hem-de “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly işi görkezildi. Olar milli baýramçylygyň — ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda çapdan çykdy.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň agza döwletleriniň duşuşygynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenen Durnukly ösüş babatda täze Gün tertibi hem-de onuň esasy düzümleri hökmünde Durnukly ösüşiň 17 maksady kabul edildi. Olar has möhüm ykdysady, durmuş, ekologiýa we dolandyryş meselelerine degişlidir. Ykdysady ugur tebigy, energetika, maddy-önümçilik serişdelerini rejeli peýdalanmakda jemlense, durmuş ugry adamzadyň ösmegine, durmuş we medeni ulgamlaryň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir, ekologiýa ugry bolsa, tebigy ulgamlaryň biologiýa we fiziki bitewüligini üpjün etmekde jemlenýär.

Duşuşygyň jemleýji resminamasynda “Şu Gün tertibi — adamlar, dünýä we rowaçlyk üçin hereketleriň meýilnamasy” diýlip bellenilýär.

Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyran ilkinji ýurtlaryň biri bolup, olary döwlet meýilnamalaryna we maksatnamalaryna ornaşdyrmagyň üstünde işläp başlady. BMGÖM, ÝUNISEF, BSSG, BMG-niň daşky gurşawy boýunça maksatnamasy ýaly abraýly düzümler bilen hyzmatdaşlykda, halkara maliýe edaralarynyň goldaw bermegi bilen, maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyryldy, şol sanda sebit derejesinde durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda bu netijeli gatnaşyklar has belent sepgitlere çykyp, täze gatnaşyjylary öz gurşawyna çekýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça netijeli teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Biziň ýurdumyz BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalary birleşdirmek işine işjeň gatnaşýar.

Tebigy, önümçilik, düzüm we adam mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşine seljerme synynyň berilmegi, Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrylan Maksatlara ýetmek babatda durmuş-ykdysady ähmiýetli milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, iri taslamalaryň amala aşyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynda giňişleýin açylyp görkezilýär. Onda ählumumy maksatlar babatda ýurdumyzy senagat-innowasion taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça täze wezipeler esaslandyryldy.
Bellenilişi ýaly, DÖM-ni netijeli amala aşyrmak üçin zerur bolan binýady döretmekde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda döredilen okuw-usulyýet merkezine ähmiýetli orun berilýär. Merkez hünärmentçilik we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw meýilnamalaryny, maslahatlary we maglumatlary, Durnukly ösüşiň wezipelerini öwrenmegiň usulyýetini işläp taýýarlamak üçin binýat bolmak bilen, DÖM-ni ornaşdyrmak babatda türkmen tejribesini öwrenmek boýunça giň mümkinçilikleri açýar. 

Häzir Türkmenistanyň gazananlary dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär. Şunda, syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalaryň bilermenleri ýurdumyzyň üstünliklerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur oýlanyşykly we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän syýasaty bilen üýtgewsiz baglanyşdyrýarlar. 

Dabaranyň dowamynda ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan geçen ýyl üçin amala aşyrylan işler, şeýle hem Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň günleriniň çäreleriniň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. 

Çäräniň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin DÖM boýunça tälim beriji okuwlar guralar. BMG-niň wekilhanasynyň binasynda 2019-njy ýylda geçiriljek ýokary derejeli forumyň mejlisine DÖM boýunça Meýletin milli syny taýýarlamak üçin milli we daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda iş duşuşyklary geçiriler. 

Çäreleriň maksatnamasynda Durnukly ösüşiň maksatlaryny innowasion maliýeleşdirmek boýunça maslahat, Baş Assambleýanyň 73-nji maslahatynyň gün tertibi boýunça “BMG-niň nusgalarynyň” çäklerinde mejlis, “DÖM-niň ýaş ilçileri” atly bäsleşigiň tanyşdyryş dabarasy, “Durnukly ösüşiň maksatlary: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ählumumy gün tertibine 1000 günüň dolmagy” atly tans festiwalyny geçirmek bellenildi.

  • 43
  • 01.10.2018