MAKALA

Watansöýüjilige ýugrulan gezelençler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz 14-nji fewralda geçiren jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda «Biz ata Watanymyzy beýgelden görnükli şahsyýetlerimize guwanýarys. Olaryň ýadygärligini ebedileşdirip, işlerini dowam etdirmäge, mähriban Diýarymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmaga çalyşýarys» diýip bellemegi, beýik şahsyýetlerimize goýulýan hormatyň uludygyny görkezýär. Şol duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbannazar Ezizowyň:

Biz näm bolsak, şol bolaly,

Bolsa bolýar eziz Watan - diýen hyjuwly setirlerini hem bellemegi ýokardaky aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär. Şahyrymyzyň bu setirlerini okan harby gullukçylarymyz Watan söýgüsiniň mukaddesdigine ýene bir gezek göz ýetirýärler.    

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümleriniň harby gullukçylary bilen gulluk edýän harby bölümleriniň ýerleşýän ýerindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine, kitaphanalaryna, şeýle-de teatrlaryna, ýurdumyzyň gözel ýerlerine, şol sanda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Watan üçin ägir uly işleri bitiren, mukaddes topragyň goragynda gaýduwsyzlyklary bilen taryhymzda şöhratly yz goýan şahsyýetlerimiziň heýkelleri ýerleşdirilen ýerlere gezelençler guralýar.

Gezelenç wagtynda muzeýlerde synlanan harby-taryhy eksponatlar, ýurt goragynda,  sungat äleminde nusgalyk yz goýan pederlerimiziň heýkelleri harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhuny belende göterip, halkymyzyň gahrymançylykly ýoluny goýan eždatlarymyza bolan buýsanç duýgularynyň artmagyna itergi berýär.

Şeýle gezelenjiň dowamynda döwrebap kitaphanalarymyz hem uly ähmiýete boldy. Giň we ýagty okalga zallarynda göwün islän neşirleriň bilen tanyşmak, bu ýere gelen harby gullukçylaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam etdi. Durmuşyň çeper keşbini pursatlarda beýan edýän teatrlarda tomaşa edilen gahrymançylykly spektakllar bolsa, harby gullukçylarymyzyň mukaddes serhedimiziň ygtybarly goragynda jogapkärli gulluklaryna bolan arzysynyň belent derejelere ýetmegine goldaw boldy.

Häzirki wagtda harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini gowulandyrmak, dost-doganlyk serhedimiziň asudalygyny goramak, şeýle-de gullukdan boş wagtlaryny medeniýetli geçirmeklerini meýilleşdirmek döwletimiz tarapyndan ileri tutulýan meseleler bolup durýar. Bu guralan gezelençler harby gullukçylaryň ygrarlylyga, ýokary ruhubelentlige, merdanalyga bolan gadamlarynyň batlanmagyna, olaryň  watançylyk terbiýesiniň kämilleşmegine getirdi.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 84
  • 27.02.2019