MAKALA

Deňizçi serhetçileriň gezelenji

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň deňizçi serhetçileri Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Gämiler dünýäsi» müzeýinde gezelençde boldular. Gezelençde müzeýiň hünärmenleri serkerdelere, esgerlere müzeýde ýerleşýän dürli görnüşdäki gämileriň ýasalyşy, ol ýerdäki gämileriň her biriniň ýasalan wagty hakynda we beýleki gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Muzeýde ýerleşýän dürli agaçlardan ýasalan gämileriň kimler tarapyndan döredilendigi hakynda hem gezelenjiň dowamynda hünärmenler ýatdan çykmajak taryhy maglumatlary gürrüň berdiler.

Gezelenjiň barşynda deňizçi harby gullukçylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdylar. «Gämiler dünýäsi» muzeýiniň golaýynda ýerleşýän howdandaky gämileriň ýasalyşynyň taryhy hakynda hünärmenler deňizçi harby gullukçylara gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz aladalarynyň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri gurlup, ulanmaga berildi. Şeýle muzeýleriň gurulmagy ýaşlarymyza halkymyzyň taryhyny, medeniýetini öwrenmäge, muzeýlerdäki bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarymyzy görmäge giň mümkinçilikleri berýär.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 116
  • 01.03.2019