MAKALA

Zenan diýmek — dünýedir

Ýaşaýyş üznüksizliginde zenana goýulýan sarpa asyrlar bilen arzylanyp, şu günleriň kämilliginden, geljegiň röwşenliklerine sary barýar. Zenan barlygyna sarpa bu adamzat ýaşaýşynyň ýüregine möhürlenen iň beýik hakykatydyr. «Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar» diýýän halkymyz zenany ar-namysa deňeýär. Şonuň üçin-de türkmen zenan maşgalany mukaddeslik derejesinde goraglaýar, arzylaýar. Kalbynda ýar, Watan ojagyna wepalylyk duýgusy orun alan zenanlarymyz bolsa ýurt, öý-ojak başyna düşen islendik işden özlerini çetde goýmaýarlar. Munuň şeýledigine taryh şaýat, häzirki döwrümiz şaýat.

Taryhyň atasy hasaplanýan Geradotyň eserlerinde hem ady agzalýan Tumar şa, Altynjan hatyn, Zarinaý, Güljemal han... ýaly zenanlarymyz serkerdelik ukyplary bilen taryhyň şöhratly menzillerinde yz goýmagy başardylar. Hut şu günki günde hem harby we beýleki ulgamlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, lukmançylyk ulgamynda, sungatda we sportda Watanymyzyň asudalygyna, ösüşlerine mynasyp goşant goşýan zenanlarymyzyň bitirýän işleri uludyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mähriban zenanlarymyza uly hormat-sarpa goýulýar, ýurdumyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ajaýyp günlerinde bu halkara baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan zenanlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň geçirilmegi hem mähriban zenanlarymyza goýulýan sarpanyň aýdyň mysalydyr.

Bu bäsleşige «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň zenan harby gullukçylarynyň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy uly leýtenant Aýgözel Ataýewa hem gatnaşdy. Bäsleşigiň şertlerine görä çykyş edip, başarnygyny görkezen zenan harby gullukçymyza bu bäsleşige işjeň gatnaşandygy üçin Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan hormat haty hem-de ýadygärlik sowgady gowşuryldy.

Biz hem zenan harby gullukçymyz uly leýtenant Aýgözel Ataýewa geljekde uly üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýäris!

 

 «Serhet abat — Döwlet abat»

  • 165
  • 01.03.2019