MAKALA

Okuw türgenleşikleri geçirilýär

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde el söweşi boýunça okuw türgenleşikleri giň gerime eýe boldy. Watanymyzyň dost-doganlyk serhediniň goragynyň berk üpjün edilmegi araçägimiziň goragçylarynyň el söweşinden hem kämil baş çykarmaklaryny talap edýär.

Geçirilen okuw türgenleşikleri uly ähmiýeti özünde jemledi. Onda dürli emeller arkaly garşydaşyňy ýaragsyzlandyrmak we ele salmak mümkinçilikleri, söweş emelleri ýörite görkezme çykyşlary arkaly ýerine ýetirildi. Serkerdeleriň okuw türgenleşikleriň dowamynda geçiren düşündiriş işleri harby gullukçylaryň el söweşiniň inçe tilsimlerini özleşdirmeklerine ýardam berdi.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 88
  • 04.03.2019