MAKALA

Ýetginjekleriň arasynda watançylyk nesihatlary

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde orta mekdeplerini tamamlaýan ýetginjekler bilen wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Ýakynda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki orta mekdepleri şu ýyl tamamlaýan ýetginjekleriň arasynda serhetçi harby gullukçylar wagyz-nesihat işlerini geçirdiler. Bu çärä Mary welaýatynyň bilim müdirliginiň wekili Öwez Myradow hem gatnaşdy. Olar ýaş oglanlara Watan mukaddesligi, ony goramagyň hem mukaddes işdigini düşündirdiler. Dabara gatnaşýan okuwçylara harby gullukçylar Döwlet serhet gullugynda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeler, esgerlere döredilýän mümkinçilikler, olaryň durmuşy hakynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Wagyz-nesigat işlerinde çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň sahypalarynda berilýän maglumatlary hem ýetirdiler we bu žurnal bilen doly tanyşdyrdylar. Bu çäräniň geçirilmegi ýaşlarymyzda Watana bolan söýgini ösdürmek, olary watansöýüjilige çekmek üçin edilýän işleriň aýdyň mysalydyr. Dabara gatnaşanlar şeýle wagyz-nesihat çärelerini geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtdylar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 99
  • 05.03.2019