MAKALA

Ýyllar ýyllardan zyýada

Özeneni «Rowaçlyk» diýen ajaýyp sözden alyp, özgertmelere baý boljak ýylymyzyň rowaçlyga beslenýän günlerinde ýyl bilen baglanyşykly çäreler, wagyz-nesihat duşuşyklary giň gerime eýe bolýar. Şeýle wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde-de beýanyny tapýar. Golaýda harby bölümimiziň medeniýet öýünde deňizçi serhetçileriň gatnaşmaklarynda «Arkadagly eziz Diýar, rowaçly menzile barýar» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň şäher geňeşiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Olar «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň taryhy ähmiýeti, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we ýurdumyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň öňünde eden manyly çykyşy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Halkyň ruhy galkynyşyna oňaýly täsirini ýetirýän sungat eserleriniň Watanyň geljekki eýeleri bolan ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde uly ähmiýetini aýtdylar. Maslahat tamamlanandan soň, serhetçi esgerler bilen muzeýe gyzykly gezelenç hem guraldy. Bu gezelenç oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

 

Halmuhammet Hajyýew.

  • 95
  • 06.03.2019