MAKALA

Ýurt asudalygynyň goragynda

Taryhyň gatlaryna nazar aýlanyňda, döwlet gurmakda we ähli ugurlarda türkmen halky dünýä jemgyýetçiligini haýran galdyrýan üstünlikleri bilen bellidir. Bu kuwwatly ösüş türkmen halkyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belentliklerine aýdyň ýol bilen alyp çykýar. Her ösüşiň, özgerişiň, şöhratyň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bar.

Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ruhubelentlik hemra. Olarda Watanymyzyň hemişe asuda, abadan boljagyna, ertirki gününiň mundan-da beýik-beýik ösüşlere beslenjekdigine uly ynam bar. Serhetçiler bilen ýerli etrap jemgyýetçilik guramalaryň, ýaşulularymy, kümüş saçly enelerimiz, medeniýet ulgamynyň wekilleri ýygy-ýygydan duşuşyp durýarlar. Bu bolsa, serhetçileriň ata Watana bolan söýgüsini has-da artdyrmak bilen, olaryň dost-doganlyk serhedimiziň goragynda gulluk borçlaryny berjaý edenlerinde ruhlaryny göterýär. Harby gullukçylaryň ruhuny götermek, esgerleriň ata Watanymyza, halkymyza bolan söýgüsini we buýsanjyny has-da artdyrmak maksady bilen, terbiýeçilik ähmiýetli dürli çäreler we duşuşyklar geçirilip durulýar.

Hormatly Prezidentimiz öz eserlerinde ata Watanyň ezizdigini, ene topragyň mukaddesdigini örän düýpli deliller arkaly beýan edýär. Serhetçi esgerler jogapkärli gulluklarynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň dürdäne setirlerini hemra edinip, ruhubelent ýagdaýda Döwlet serhedimizi goraýarlar. Olar ata-babalarymyzdan miras galan mukaddes topragymyzy, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dost-doganlyk serhedini goraýandyklaryna diýseň buýsanýarlar. Serhediň goralýan çäklerinde ýerleşýän daglaryň gözelligini görmäge göz gerek. Şeýle owadan, täsin ýerde gulluk edýän serhetçi gerçekleriň ýurdumyzyň dost-doganlyk serhedini goramak bilen birlikde gözel tebigatymyzy goraýandyklaryny hem aýtmak bolar.

Aslynda serhetçini ýany wepaly itsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin hem gullugyň düzüminde bu ugurda ýörite hünärmenler taýýarlanýar. Olara ýörite hünär öwredilende duýgur itler bilen işlemegiň, itlere buýruk bermegiň düzgünlerini, olara nähili ýagdaýda, näçe möçberde nahar bermekligiň, ys alyş hem-de yz çalyjylyk ukyplaryny ýokarlandyrmagyň usullary doly öwredilýär.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy we onuň şahsy düzümi, döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň hem-de halkymyzyň aýrylmaz bölegidir. Serhetçiler hormatly Prezidentimiziň edýän bimöçber her ädimde duýýarlar. Şonuň üçin olar hormatly Belent Serkerdebaşymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny, ata Watana ak ýürekden gulluk etmek arkaly bildirýärler.

Biz, Watan ugrunda başyny goýan pederlerimiziň gaýduwsyzlyklaryny nusga edinip, harby kasama ygrarly bolup, ata Watanymyzyň her daban ýerini gözümiziň göreji deýin gorarys.

 

Garahanjar Baýhanow.

  • 111
  • 07.03.2019