MAKALA

Zenan — zeminiň zynaty

Türkmenistan döwletimizde Halkara zenanlar güni ýokary ruhubelentlik bilen giňden  bellenilýär. Bu baýram mynasybetli geçirilýän dabaralar türkmen halkynyň zenanlara bolan hormatyny we mähirli gatnaşygyny özünde jemleýän milli ýörelgeler esasynda uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlar hakyndaky alada, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda gender deňligini üpjün etmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Munuň özi mähriban zenanlarymyza döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde hem aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Dabaralarda dost-doganlyk serhedimiziň goragynda zähmet çekýän zenan harby we raýat gullukçylara hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyndan pul sowgatlary, şeýle-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Darabalaryň dowamynda Gullugymyzyň harby aýdym-saz toparlary ajaýyp aýdymlary bilen zenanlarymyza ruhy lezzet bagş etdi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda mährem enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň tarypy belent ýaňlandy. Mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň — öýlerimiziň bezegidigi, Zeminiň zynatydygy, ýaşaýşymyzyň manysydygy hakynda edebi-çeper çykyşlar  ýerine ýetirildi.

Ömrümiziň manysy, ýaşaýşymyzyň dowamaty — mähriban enelerimiz, gelin-gyzlarymyz, baýramyňyz gutly bolsun!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 100
  • 08.03.2019