MAKALA

Türkmen serhetçisi — Watan goragynyň kepili

Türkmeniň ýürek örki diňe öz Watanynda. Ol hatda behişdi hem başga ýerden gözlänok, onuň hut öz ülkesindedigine ýüregi bilen ynanýar. Bagtyň yzynda ýat ülkelerde sergezdan gezmegiň, gaýta, hakyky bagtdan uzaklaşmakdygyna düşünýär. Ykbalyny, ygraryny, alýan demini Watan bilen ölçeýär. Çünki türkmen watansöýüji millet. Bize mälim bolan ilkinji daş, agaç, kagyz ýazgylaryndan başlap, Gökdepe söweşindäki gahrymançylyga çenli bolan her bir taryhy ýazgyda türkmen watansöýüjiligi hakynda müňläp maglumat bar. Olarda «Türkmenler beýleki milletleriň arasynda Watan söýgüsini iň ýokary derejä göteren milletdir. Çünki olaryň häsiýetinde we damarynda gan däl-de, öz ýurduna, topragyna, Watan suwuna bolan duýgular akýandyr» diýip bellenilýär. Bizi erkin ýaşadýan we bagtly edýän, ýaşaýyş umydyny alawlandyrýan, barha belentliklere ymtylmagymyza badalga berýän zat Watana bolan söýgümizdir. Watan söýgüsi her bir gözelligiň asyl manysyny duýmaklygymyza alyp gelýär. Çünki biziň süňňümizde bu topragyň ülüşleri bar. Biz şu toprak bilen bir göwre — Watandan aýry zadymyz ýok.

Ata-babalarymyz öz perzentlerini belent watançylyk ruhunda terbiýeläpdirler. Şonuň üçindir, halkymyzyň ady taryhyň islendik döwründe-de dilden düşenok. Mertlik, merdanalyk, garadan gaýtmazlyk, gözsüz batyrlyk ýaly duýgular parasatlylyk, paýhaslylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp, hakyky türkmen mentalitetini hasyl edýär. Watan we namys duýgulary orta goýlanda welin, türkmeniň öňünde döwem durup bilmez. Magtymguly atamyzyň: «...Duşmanyň namardy, merdi bilinmez» diýen setirleri tüýs türkmen aýratynlygydyr. Türkmeniň ýaradylyşam, tebigatdan alýan terbiýesi hem, durmuşdan toplaýan tejribesi hem şunuň ýaly. Watansöýüjilik dem alýan howamyz ýaly ähmiýetli zat hasaplanypdyr. Perzentleriniň dogumly, ugurtapyjy, agzybir, arkalaşykly bolup ýetişmekleri üçin olarda hökmany bolmaly häsiýetleri göz öňünde tutupdyrlar. Beden we ruhy taýdan taplapdyrlar. Bu gün türkmeniň şol beden taplaýyş usullary dünýäniň dürli halklarynda dürli röwüşde dowam etdirilýär.

Orta asyrlarda atabeglik mekdebinde ýetişen ýigitler döwrüniň at-abraýly gahrymany, serkerdesi bolup ýetişipdirler. Ilkibada hökümdarlar öz çagalaryny türkmen ruhunda terbiýelemek üçin gylyç oýnamagy, naýza urmagy, at münmegi öwretmek üçin şol ugurdan ýörite ussatlary öz çagalaryna tälimçi — atabeg hökmünde belläpdirler. Ýola goýlan bu usulyň örän netijelidigine göz ýetirenlerinde bolsa, ata-baba däbe eýerip, ony ähli goşun üçin ulanmaga başlapdyrlar. Şeýdip, haýsy atabegiň elinde tälim alan bolsa, şoňa hem şol serkerdäniň, parasatly adamy ady nisbe-lakam hökmünde ýanalypdyr. Türkmen batyrlygy, watansöýüjiligi, garadan gaýtmazlygy yslamyýetden öňki döwürlerde hem meşhur bolupdyr.

Arap hökümdarlarynyň biri hakda şeýle kyssa bar: «Hökümdaryň uzak wagtlap perzende gözi düşmändir. Ahyry uzaga çeken bejergilerden, dileg-dogalardan soňra onuň ogly bolupdyr. Hökümdar sebitlere habar iberip, ogly üçin mynasyp terbiýeçini görmek isleýändigini jar çekdiripdir. Soňra ol wezir- wekilleriniň maslahaty esasynda, ahyry bir gojany saýlap alypdyr. Goja hökümdardan oglunda nähili häsiýetleri görmek isleýändigini sorapdyr. Hökümdar: «Meniň oglumda araplaryň myhmansöýerligi, parslaryň paýhaslylygy we türkmenleriň merdanalyk häsiýeti jemlensin» diýipdir.

«Gorkut ata» eposynda öküz bilen söweşip, ony boýun edýän Bugajy her birimiz bilýäris. Öküz bilen güýç synamak ähli oguzyň dessurydyr. Häzirki wagtda ýewropa döwletleriniň käbirinde öküzi öjükdirip,  kowalaşyp oýnalýan oýun bar. Şol oýun öz taryhyny beýik hun hökümdary Attilanyň ýewropa ýörişlerinden gözbaş alyp gaýdýar. Oguz-türkmen esgerleri aldym-berdimli söweşe girmeziniň öňüsyrasynda ýa-da wagtal-wagtal öküz ýaly güýçli haýwanlar bilen dikleşip, öz güýçlerini mazamlar ekenler. Şeýdibem özlerini taplapdyrlar, söweşe taýýarlapdyrlar. Seljuk we Horezm-Köneürgenç hökümdarlarynyň käbiriniň wagtal-wagtal sümme tokaýa özüni atyp, dürli ýyrtyjy haýwanlar bilen başa-baş söweşendigi, hem öz güýjüni barlandyklary, haýwanlaryň çalasynlygyny, tilsimlerini öwrenendikleri hakynda taryhy ýazgylar bar. Hat-da Omar Haýýamyň ýazgylarynda kenizekleri bilen jeňňellikde aw edip ýören Seljuk melikesiniň öňünde äpet, alabeder gaplaňyň bir gaýra saklanyp, soň umma gaçyp gidenligi beýan edilýär. Arkaç ýakalarynda gaplaň bilen dikleşen, gyrda-çölde gurt bilen garpyşan ata-babalarymyz hakda gürrüňler hem kän. Geçen asyryň birinji ýarymynda Türkmengala sebitlerinde aýy bilen başa-baş urşup, ony ýeňen türkmen pälwanynyň bolandygyny gürrüň berýärler. Bu zatlaryň ählisi türkmeniň güýç-gaýrat babatda elmydama öz başarnygyny saklap galandygynyň subutnamasydyr. Taryhyň dürli döwürlerinde haja baran zyýaratçylary garakçylardan goramak üçin türkmen serkerdeleri türkmenlerden ybarat bolan ýörite goşun birikmelerini düzüpdirler. Bular haj möwsüminde we beýleki wagtlarda zyýaratçylary gorap, goraglap, olara hemaýat edip gelipdirler. «Müsür we Kair patyşalygyndaky röwşen ýyldyzlar» atly eseriň bäşinji jildinde türkmenleriň Käbä barýan zyýaratçylary goraýşy, olara hemaýat edişleri hakda gürrüň berilýär: «...Bu ýerdäki garakçylaryň häsiýeti şeýle:

— Olar hiç haçan duşman bilen garpyşanda beýle mertlik görkezmeýär. Ýaragsyz we goragsyz adamlary talamaga welin olar ökde. Bu garakçylaryň hötdesinden bolsa diňe türkmenler gelýär, olara berk gaýtawul berýärler. Bu gezegem şol türkmenler gaýtawul bermedik bolsa, garakçylar örän az salymyň içinde olary, olaryň emläklerini, baýlyklaryny we perzentlerini eýelejekdi». Şeýle mazmundaky ýazgylary orta asyrlaryň arap, pars, türkmen ýazarlarynyň, taryhçylarynyň eserlerinden örän köp tapyp bolýar.

Bu gün Garaşsyz türkmen döwleti Watana wepaly, ynama ygrarly perzentler tarapyndan mäkäm goralýar. Milletiň ruhy we beden sagdynlygyna, nesillerimiziň belent watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerine, aýratyn üns berýän ýurt Baştutanymyz döwletimiziň asudalygyny üpjün etmek üçin döwrebap serhet galalaryny bina etdirýär. Ol ýerlerde türkmen esgerleriniň elmydama serhetde sak, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup gezmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň bu tagallasy ata-baba watançylyk mekdebiniň — atabegler mekdebiniň täze döwre laýyk, zamanabap röwüşde gaýtadan dikeldilmegini aňladýar. Taryhyň bize mälim döwürlerinden şu güne çenli şöhrata ýugrulyp gelen türkmen merdanalygynyň indiki müňýyllyklarda hem dowam etjekdiginiň nyşanydyr.

Zamanalar özgerýär. Adamlaryň aň-düşünjesi barha ösýär. Ýöne ähli döwürlerde hem Watanyň, halkyň goragynda bolmak üçin beden we ruhy sagdynlyk howa ýaly zerurdyr. Watany goramaklyk mukaddes borçdur. Bu topragyň perzentleri Watan we il namysyndan ýokarda gaýry bir mukaddesligiň ýokdugyna anyk düşünýär. Bu gün gije-gündiz gözlerini gyrpman, serhet ýakasynda Watanyny goraýan esger özüni mertebe münberinde ýaly duýmalydyr. Çünki oňa iň mukaddes borç ynanyldy. Watan oňa öz serhedini ynandy. Watanyň çägi serhetden başlanýar. Watan – ýüregiňdäki söýgi bilen beýgelýär. Abat sadapda elmydama sagdyn dür bolýar. Sagdyn bedende sagdyn ruh saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu aladalarynyň ählisi tutuş halkyň, milletiň asudalygynyň, sagdynlygynyň kepili bolup hyzmat etjek beýik tutumlardyr.  

Rahmet Gylyjow.

  • 158
  • 11.03.2019