MAKALA

Watansöýüjilik ähmiýetli gezelençler

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde gulluk-söweşjeň işlerinde, okuw sapaklarynda tapawutlanan harby gullukçylar bilen muzeýlere, mirashanalara ýygy-ýygydan gezelençler guralýar. Bu bolsa esgerleriň gullukdan boş wagtlaryny manyly geçirmeklerine, has-da ruhubelent gulluk etmeklerine itergi berýär. Şeýle gezelençleriň biri golaýda ýetip gelýän Milli bahar baýramy mynasybetli Magtymguly Pyragy muzeýine guraldy. Bu gezelenç many-mazmuna baý boldy.

Beýik akyldaryň adyny göterýän muzeýe guralan gezelenjiň barşynda esgerler bilen etrabyň bilim we medeniýet işgärleriniň, şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň başlygy Hanmeňli Hojamämmedowanyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy hem guraldy. Olaryň watançylyk ähmiýetli çykyşlary serhetçileriň kalbyndaky ata Watanymyza, taryhda şöhratly yz galdyran pederlerimize bolan buýsanç duýgularyny.

 

Maksat Geldiýew.

  • 140
  • 14.03.2019