MAKALA

Kalplary şirin owazly serhetçiler

«Serhet owazlary – 2019» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemi jemlendi

 

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýaşlar baradaky aladalary türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagyna, şol bir wagtyň özünde harby gullukçylaryň hem şular ýaly mümkinçiliklerden giňden peýdalanmagyna itergi berýär. Halkymyzyň geljegini kämil nesiller bilen baglanyşdyrýan hormatly Belent Serkerdebaşymyz ösüp gelýän ýaşlaryň, şol sanda harby gullukçylaryň ýiti zehinli, sowatly, watansöýüji, edermen, gaýduwsyz, maksada okgunly, beden taýdan berk bolmaklary hem-de milli ruhda terbiýelenmekleri üçin möhüm işleri durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyz: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri medeniýetiň we sungatyň, milli mirasyň, däp-dessurlaryň galkynýan, ösýän döwrüdir» diýip belleýär.

Bu günki gün ýurdumyzyň çäginde geçirilýän her bir medeni çäreleriň, bäsleşikleriň maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan we olaryň mundan beýläk-de kämillige tarap gadamlarynyň batly bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň döredijilik işgärleri dogrusynda edýän aladalary halkymyzyň ruhy ösüşi üçin zerur bolan aýdym-saz sungatynyň mertebeli menzillere rowandygynyň kepili bolup, göwünleri galkyndyrýar. Şanly senelere bagyşlanyp, syýasy we medeni köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, edebiýat agşamlary, maslahatlar, wagyz-nesihat işleri, aýdym-saz bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Şeýle bäsleşikleriň biri-de, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümleriniň aýdym-saz toparlarynyň arasynda yglan edilýän «Serhet owazlary» atly aýdym-saz bäsleşigidir. Ýakynda Türkmenistanyň Serhet institutynda «Serhet owazlary – 2019» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň netijesi boýunça harby talyp Aky Akyýew bäsleşigiň baş baýragyna, hatarçy Toýly Jumaýew birinji, hatarçy Şatlyk Amanow ikinji, kiçi seržant Agajan Akümmedow bilen hatarçy Şamyrat Alymow dagylar bolsa üçinji baýrakly ornunlara mynasyp bolmagy başardylar. 

Bäsleşigiň maksady harby gullukçylaryň sungata, çeper-döredijilige höwesini artdyrmakdan, watansöýüjilik ruhuny ýokary götermekden, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny, nusgawy we häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň watançylyk, gahrymançylyk mowzuklaryndan ýazan eserlerini öwrenmeklerini gazanmakdan, olary sowatly, jemgyýetimize peýdaly ynsanlar edip ýetişdirmekden, aýdym-sazda, döredijilikde zehinlilerini ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybarat bolup durýar.

Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän aýdym-saz sungaty özüniň gudraty bilen kämil derejelere ýetipdir. Bu günki gün «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda bu sungat bilen meşgullanýan harby gullukçylaryň ýerine ýetirýän her bir aýdymy bagtyýar zamanamyzy wasp edip, ynsan kalbyny joşa getirýär. Aýdymçy harby gullukçylaryň ukyp-başarnyklary diňe bir döwrebap, halk aýdymlarynda ýüze çykman, eýsem watançylyk, edermenlik, mukaddes serhedimiziň goragy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atalyk aladalaryny wasp edýän aýdymlarda-da äşgär duýulýar. Ol bolsa halypa-şägirtlik ýolunyň güllemegine, ata Watana, il-ulusa, hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan ynamyň, söýginiň has-da berkemegine ýardam edýär.

Her ýyl goşun derejesinde geçirilýän bu bäsleşik indi serhetçileriň arasynda däbe öwrüldi. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu bäsleşik ýokary derejede, döwrebap guralýar. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy, harby gullukçylaryň döwrebap ösen inowasion tehnologiýalardan kämil baş çykarmaklary, özlerini taplamaklary, mukaddes serhedimiziň asudalygyny üpjün etmekleri babatynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmetiniň netijesidir.

Her bir ynsan sungatyň jadyly dünýäsine maýyl bolýar. Çünki aýdym-saz sungatyň inçe ýollarynyň biri hasaplanýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň dürdäne akyl-paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmen medeniýeti» we «Ile döwlet geler bolsa...» ýaly ajaýyp eserleri-de bu ugurda ýol görkeziji şamçyrag bolup, geljekde harby gulluklaryň saýlan hünärlerinde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly goldaw bolýar.

Goý, asudalygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň rowaçlanmagy üçin döwletli tutumlary durmuşa geçirýän, halkymyzy bagtyýarlyk ýoly bilen öňe alyp barýan, ata Watanymyzy gülledýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.

Garahanjar BAÝHANOW

  • 154
  • 18.03.2019