MAKALA

Erem baga öwrülipdir, Diýarym!

Bereketli türkmen topragyna Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatymyz ýaşyl bossana, läle-reýhan güllere bürenip, şatlyk-şowhuna beslenýär. Ýurdumyzda «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi-de, berkarar döwletimizde tebigatyň hukuk binýadynyň pugtadygyny görkezýär.

Her ýylda bolşy ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem bag ekmek boýunça ählihalk ýowary Milli bahar baýramynyň ilkinji gününde ýokary derejede geçirilýär. Hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly Watanymyz halkara hyzmatdaşlygynda hem ekologiýa meseleleriniň oňyn maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Muňa milli Liderimiziň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde bu ugra degişli sözlän taryhy sözi-de aýdyň güwä geçýär. Howanyň üýtgemegi boýunça ýurdumyzyň milli strategiýasyna laýyklykda ekoulgamlaryň hem tokaýlaryň howanyň üýtgemeginiň öňüni alyş çäreleri toplumlaýyn amala aşyrylýar. Bu tebigaty aýawly gorap saklamak işine döwletimiziň goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Türkmenistanyň tebigy we howa şertleri gadymy döwürlerden bäri halkymyzda daş-töweregi gurşap alan tebigata has aýawly çemeleşmek duýgularyny döredipdir. Bu duýgular, garaýyşlar ilimiziň ýaşaýyş-durmuşyna, öý hojalygyny ýörediş aýratynlyklaryna, däp-dessurlaryna we medeniýetine giňden ornaşypdyr. Gadymdan bäri eziz ülkämiziň özboluşly tebigatyna paýhasly çemeleşmek ýörelgesi halkymyzyň aňyna pugta ornaşyp, ýüze çykan ekologiýa meselelerini çözmegiň özboluşly tärlerini kemala getiripdir»  diýen sözleri hem ýurdumyzda taryhda-da, häzirki wagtda-da tebigaty goramak barada edilýän aladanyň ýokarydygyny  görkezýär. Pederlerimizden miras galan bag ekmek, köpri gurmak, ýol çekmek ýaly asylly ýörelgeleriň, işleriň adat bolmak bilen bir hatarda sogapdygy, hormatly iş hasaplanýandygy aýdylýar.

Halk arasynda «Bir agaç ýetmiş ýyllyk ýoldan görner» diýen nakyl bar. Gahryman  Arkadagymyzyň saýaly agaçlardyr al-elwan güller ekip, eziz Diýarymyzy bagy-bossana öwürmek baradaky belent başlangyçlary bu gün barha rowaçlanýar. Ýaş nesillerimiz bolsa ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelgä eýerip, baglarda arassalaýyş we timarlaýyş işlerini geçirýärler, millionlarça düýp agaç nahallaryna yzygiderli ideg edýärler we öndürijilikli zähmet bilen, il alkyşyna mynasyp bolýarlar.

Elbetde, bu asylly ýörelgelerden Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby gullukçylary-da daşda durmaýar. Olar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, ata Watanymyzyň asudalygyny, parahatçylygyny, dost-doganlyk serhedimiziň mukaddesligini goramak bilen bir hatarda, ata-babalarymyzdan gelýän bag nahallaryny ekmek ýaly döwletli ýörelgelere mynasyp goşant goşýarlar.

Bu gadymdan dowam edip gelýän ýagşy ýörelgelere laýyklykda, her ýyl läle-reýhan baharda ýurdumyz boýunça bag oturtmaklygyň täze möwsümine badalga berilýär. Günsaýyn özgerýän Diýarymyzyň islendik künjegine seýli-seýrana çyksaň seleň howaly, goýy kölegeli baglaryň öz saýasyna çagyrýandygyny görmek mümkin. Bu bagy-bossanlyklaryň döredilmeginiň baş maksady ekologiýamyzyň we howanyň arassalygyny gorap saklamaga hem-de jemgyýetimiziň sagdyn ýaşamaklygyny üpjün etmek üçin gönükdirilendir. Adamzat siwilizasiýasy ösüş basgançaklarynda tebigatdan çykyp, jemgyýete gelýän ýoly geçip, şol esasda tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşygyň derejesi, adamyň ruhy ösüşine täsir edýär. Tebigata adam hakydasynyň gatnaşygy şygryýetde ýüze çykypdyr. Şahyr Gara Seýitliýewiň «Kimde kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen setirleri-de aýdanlarymyzyň gury däldigini aýan edýär. Bu bolsa tebigata düşünmek bilen adam öz durmuşyny açmaga çalyşýandygynyň kepilidir.

Döwlet Baştutanymyz gül-u-gülşenli Diýarymyzyň jemalyny nurlandyrýan, howasyny durulaýan baglary köpeltmek, olary aýawly gorap, ideg etmek meselesini aýratyn üns merkezinde saklaýar we täze tokaý zolaklarynyň döredilmegine ýardam edýär. Indi her ýyl türkmen baharynyň ilkinji günlerinde göwnüňi galkyndyrýan, dünýäňi terleýän bag nahallaryny ekmek dabarasy uly syýasy ähmiýete eýedir. Tebigatyň zynaty, görk-görmegi hasaplaýan bu baglar diňe howany arassalamak bilen çäklenmän, eýsem, ol naz-nygmat bolçulygyny-da eçilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaly asylly işlere ulaşan ildeşlerimiz miweli, saýaly we bezeg agaç nahallarynyň  müňlerçe düýbüni ekýärler. Bu jem bolup bag nahallaryny ekmeklik dabarasy halkymyzyň agzybirliginden, watansöýüjiliginden we asmanynyň asudalygyndan nyşandyr. Şeýle dabaranyň belent ruhy Milli bahar baýramyna sepleşer we öz mynasyp beýanyny tapyp, ata-baba ganymyza siňen ýörelgelerimiziň ebedi dowamatyna dowam bolar. Türkmen topragynda mähir-muhabbet siňdirilip ekilen bu bag nahallary geljekde ýaş nesilleriň tebigat bilen ysnyşmaga, sazlaşykly ýaşamaga  mümkinçiliklerini artdyrar. Indi her ýyl agzybirlikde geçirilýän ählihalk ýowarynyň netijesinde ýurdumyz Erem bagy ýaly bagy-bossanlyga beslenip, aýşy-eşretiň mesgenine öwrülmegine iterdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ugurda edilen köp ýyllyk işleriň netijesi aýdyň äşgär bolýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giňişleýin çäklerde el bilen döredilen tokaýlar peýda boldy. Şol tokaýlarda agaçlaryň sany eýýäm milliona ýetýär. Her bir şäheriň, etrabyň, obanyň töwereginde giň tokaýlyklar döreýär. Köpetdagyň dag etekleri, akabalaryň we derýalaryň kenarlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň eteklerindäki deňiz ýakalary, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenary, gara ýollaryň ugurlary ýaşyl lybasa bürenýär.

Ýaňy-ýaňylaram ýalaňaç bolup ýatan dag gerişlerinde we çölüň akyp ýatan çägelikleri bolan ýerlerde eýýäm gür tokaýlar ösüp otyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerine garşy göreş alyp barmak baradaky ählumumy işe hem önjeýli goşantdyr. Sebäbi gök zolaklar ýyladyşhana täsirini güýçlendirmäge itergi berýän zatlaryň biri bolan kömürturşy gazyny işjeň özüne sorýar. Tokaýlar amatly howa ýagdaýyny döredip, ýurdumyzyň şäherlerini we jülgelerini Garagumuň howrundan, gyşyna bolsa aýazly ýellerinden goraýar. Ýene bir aýratyn bellemeli zat, ýaş nesliň kalbynda tebigata söýgini oýarmagyň, olarda bagy-bossanlyga ideg etmäge höwes döretmegiň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda hem-de ak pata bermeginde il-ulsumyz bu döwletli işiň başyna baryp, beýik zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezerler.

Garahanjar Baýhanow.

  • 181
  • 20.03.2019