MAKALA

«Gelse nowruz äleme...»

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň meşhur şygrynda:

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda - diýilýär. Şeýle setirler bilen waspy ýetirilýän bu baýramçylygyň ady pars dilinden türkmen diline terjime edilende «Täze gün» diýen manyny berýär. Her nowruzy täze ýylyň, täze durmuşyň başlangyjy hökmünde toýlap gelen ata-babalarymyzyň onuň gelmegi bilen durmuşyň haýra we rysgal-berekede, bagtyýarlyga beslenjekdigine ynanypdyrlar. Geçmişden gözbaş alyp gaýdan bu baýramçylygyň şanyna oýnalýan milli oýunlaryň şowhuny, nowruz saçagynyň esasy bezegi bolan semeni gaýnatmak üçin atarylan toý gazanlarynyň hatary bu gün ýurdumyzyň her bir künjegini toý dabarasyna besleýär.

Ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi mer dana serhetçilerimiz hem uly şatlyk, uly şowhun bilen giňden belleýärler. Ähli serhet birikmelerinde, serhet galalarydyr berkitmelerinde, dost-doganlyk serhedimiziň ajaýyp goýnunda toýlanýan bu baýramçylyk, nurana ýaz paslynyň, mübärek Nowr uzyň şanyna aýdylýan aýdymdyr goşgulary bilen merdana serhetçilerimiziň ruhuny has-da belende göterýär. Ýaňy-ýakynda hem Köpetdagy etekl äp ot uran ajaýyp ýaýlada Nowruzyň ş anyna tutulan toýa dost-doganlyk araçäklerimiziň mukaddes goragynda sak duran göreldeli serhetçiler, harby talyplardyr halypa serkerdeler hem gatnaşdylar. Janlanan tebigatyň bagtyýarlygyna beslenen baýramçylykda «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary baýramçylyk ruhuny has-da ganatlandyrdy.

Bagtyýar döwrümiziň, bahar gözellikleriniň, serhet gullugynyň mukaddesliginiň belentden ýetirilen waspy esger elleri bilen çekilen şekillendiriş sungaty eserlerinde hem öz beýanyny tapdy. Baýramçylyk ruhy bilen dem alan Köpetdagyň ajaýyp ýaýlasynyň gözel tebigaty bilen sazlaşan merdana serhetçilerimiziň joşgunly kalplaryndan çykan alkyşlar bolsa, bize bagtyýar döwri peşgeş beren hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna ýaňlandy.

 

Aknur Rozyýewa.

  • 113
  • 21.03.2019