MAKALA

Watansöýüjilige ýugrulan çäreler

Ýaşlarymyzyň watançylyk duýgusyny has-da artdyrmak üçin harby gulluga gadam basmaly ýigitler bilen harby bölümlerde tanyşlyk gezelençleri ýygy-ýygydan guralýar.

Ýakynda harby bölümimiziň ýerleşýän etrabyna degişli mekdepleriň ýokary synpda okaýan ýetginjekleri bilen harby bölümimizde etrabyň bilim bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taryhda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň Watany goramakda görkezen gaýduwsyzlyklary, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň netijesinde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary hakyndaky çäksiz aladalar dogrusynda gürrüň berildi.

Bu çäräniň dowamynda ýaş ýetginjekler serhetçileriň ýakyn ýardamçylary bolan gulluk itleri we atlary bilen tanyşdyryldy. Soňra tanyşlyk serhet galasynyň kitaphanasynda dowam etdi. Ol ýerde serkerdeler we myhmanlar ata-babalarymyzdan miras galan taryhy harby gymmatlyklar dogrusynda belläp, kitaphanadaky çuňňur many-mazmunly kitaplaryň, aýratyn hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň eserleriniň Watan goragynda duran esgerleriň ýan kitabyna öwrülendigini ýetginjeklere gürrüň berdiler.

 

Maksat Geldiýew

  • 137
  • 26.03.2019