MAKALA

Täsirli gezelenç

Şu günler Gullugymyzyň harby bölümlerinde Watan goragçylary bilen ýurdumyzyň çägindäki taryhy ýerlere, ýadygärliklere, muzeýlere we beýleki medeni ojaklara gezelençleri guramak giň gerime eýe bolýar. Çünki bu çäreler harby gullukçylaryň şöhratly pederlerimize mahsus watansöýüjilik duýgularyny has-da ýokarlandyrýar. Golaýda hem gulluk edýän harby bölümimiziň harby gullukçylary bilen muzeýe gezelenç guraldy. Gezelenjiň dowamynda hünärmenler tarapyndan muzeýiň içindäki eksponatlaryň taryhy, şahsyýetlerimiziň döreden eserleri hakynda gürrüňler berildi. Bu gezelenç harby gullukçylaryň taryhy, medeni ýadygärliklerimiz, Watan goragynda gaýduwsyzlyk görkezen şahsyýetlerimiz hakynda gyzykly maglumatlardan habarly bolmaklaryny üpjün etdi. Watan goragçylary dost-doganlyk serhedimizi goramakda jogapkärli gulluklaryny ruhubelent ýerine ýetirmekleri üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarlar.

 

Röwşen Maksatmyradow.

 

  • 65
  • 29.03.2019