MAKALA

Ezberler el söweşinde

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölüminiň binýadynda Gullugyň harby bölümleriniň toparlarynyň arasynda «El söweşiniň emeller toplumy» boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda bije esasynda her topardan iki türgene çykyş etdirildi. Ýöne düzgün boýunça ýaryşda emeli ýerine ýetirene utuk berildi. Görkezme çykyşynyň dogry we dürs ýerine ýetirilişine, çalasynlygyna, ugurtapyjylygyna, güýjüne hem-de batyrgaýlygyna baha goýuldy, oňa emin agzalary ýaryşyň netijesinde öz utuklaryny berdiler. Harby gullukçylar el söweşi boýunça bäş sany emeli başarjaňlyk bilen ýerine ýetirdiler. Netijede, ökde harby gullukçylar öňe saýlandylar. Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 121
  • 01.04.2019