MAKALA

Ösüşler — röwşen geljegimiziň kepili

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.

Häzir ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli düzümlerini sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmyň gazananlaryny we dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmaga, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, hilini gowulandyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak boýunça degişli çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, aýratyn-da, önümçilikde ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary peýdalanmakda möhümdir.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, intellektual maýa, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen, şu ýyldan başlap ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan Konsepsiýasy amala aşyrylyp başlandy. Häzirki şertlerde islendik döwletiň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär.

Häzirki döwürde jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, ýokary tehnologiýalary ulanmakda düýpli we amaly barlaglary geçirmek bilen ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini hil taýdan täze derejä çykaryp bolýandygyndan ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli bilim, ylym ulgamy hem toplumlaýyn ösdürilýär. Halkara bilim hyzmatdaşlygy barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan döwletimiz ýakyn geljekde kuwwatly ylmy mümkinçiligi bolan ýurda öwrüler. Munuň özi türkmenistanly raýatlaryň ýokary derejede ylymly-bilimli bolup, halkara bilim ulgamyna sazlaşykly goşulmagyny üpjün eder.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni barha rowaçlanýar. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiziň kepilidir.

 

Nursoltan Baýramdurdyýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

  • 45
  • 08.04.2019