MAKALA

«Spartakiadadan» hoş habar

Şu günki günlerde gyzgalaňly dowam edýän spartakiada serhetçi türgenleriň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi» ýygyndy toparynyň türgenleri özleriniň ukyp-başarnyklaryny öňdebaryjy orunlary eýelemek bilen äşgär edýärler. Ine, şeýle serhetçi türgenleriň biri-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Myrat Abdyresulowdyr. Ol spartakiadanyň çäklerinde geçirilýän sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ikinji orna mynasyp boldy.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary üçin ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertleriniň gowulandyrylmagy, olaryň sport, bedenterbiýe we beýleki ugurlar boýunça türgenleşik işleri alyp barmaga mümkinçilikleriniň ýokarylandyrylmagy her birimiziň köňül telwasymyzy ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şeýle ajaýyplyklaryň, oňyn mümkinçilikleriň we şertleriň netijesinde ezber türgenlerimiziň sany barha köpelýär. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerine halkymyzyň ygrarlydygyny ýene bir ýola subut edýär.

Biz hem serhetçi türgenimiz Myrat Abdyresulowy üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, ýagty ertirleri peşgeş berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda şeýle ýeňişler dowamat dowam bolsun!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 42
  • 08.04.2019