MAKALA

Geçmişiň owazy — geljege dowam

Milli Liderimiziň badalga bermeginde milli mirasymyzy çuňňur öwrenmek biziň ählimiziň wajyp borjumyzdyr.

Bu barada halkymyzda «Geçmişini bilmedik geljegini bilmez» diýen ajaýyp jümle bar. Günorta Türkmenistanda iri merkezleriň aýry-aýry oturymly ýerlerinde, dag etek zolagynda, gadym Margianada akyl, zähmet, ýaşaýyş-durmuş şertleri juda ösüpdir. Olar dünýä medeniýetiniň emele gelmegine hem-de döwlet gurluşynyň döräp başlamagyna ýardam edipdirler. Altyndan, kümüşden we bürünçden ýasalan zatlar Altyndepäniň çeper medeniýetiniň aýratyn görnüşleri bolup durýar. Möjegiň, öküziň altyndan ýasalan kelleleri we beýleki köp sanly möhürler gönüden-göni şoňa degişlidir.

Altyndepe medeniýeti döwründe bolsa, her dürli hakyky hem hyýaly jandarlaryň şekilleri peýda bolup ugraýar. Şolaryň arasynda dag umgalarynyň, ganatlaryny ýaýan ýyrtyjy guşlaryň, barslaryň şekilleri agdyklyk edýär. Şolar bilen birlikde, has çylşyrymly keşplerem peýda bolýar. Üç kelleli aždarhanyň şekili çekilen möhri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Zenan heýkelleriniň şekilleri Altyndepe siwilizasiýasy döwründe-de öňki meşhurlygyny saklapdyrlar. Ol şekiljikler her öýde diýen ýaly duş gelýär. Ýöne şol döwürde ozalky uly heýkeller şertliýasy şekiller bilen çalşyrylypdyr. Heýkeljikleriň käbirinde kiçijik telpek, beýleki birnäçesinde bolsa täç bar. Altyndepäniň medeniýetinde Günorta-Günbatar, Eýran-Mesopotamiýa bilen aragatnaşygyň bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Bu ýagdaý, aýratynam, binagärlik sungatynda has aýdyň görünýär.

Täze merkezler köp babatda Altyndepede medeniýetiň gadymy däplerini dowam etdiripdirler. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Garaşsyz Watanymyzda taryhy ýadygärliklerimizi has içgin öwrenmek üçin ýörite tejribeli arheologlar yhlasly zähmet çekýärler. Türkmen topragynda geçmişden galan ajaýyp täsinlikler sanardan kändir. Olary jikme-jik öwrenip, maddy hem ruhy gymmatlyk hökmünde gorap saklamak, ýaş nesillere ýetirmek biziň her birimiziň watançylyk borjumyzdyr.

Milli mirasymyzyň goragy «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem öz beýanyny tapýar. Goý, ähli ugurlarda täze belentlikleri nazarlaýan ýurt Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan döwletli işleri rowaç bolsun!

Orazmuhammet Myradow.

  • 86
  • 08.04.2019