MAKALA

Bilim syýasaty — ösüşleriň ganaty

 

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permanyna laýyklykda, 2013 — 2014-nji okuw ýylyndan başlap, umumy orta bilim berýän mekdeplerde okuwyň möhletiniň 12 ýyla, ýokary okuw mekdeplerinde bolsa 5 ýyla geçilmegi bilim bermek işinde gazanylanlaryň iň möhüm şertine öwrüldi.

Ýaşlaryň kompýuter sowatlylygyny artdyrmak entek olaryň çagalyk döwründen, ýagny birinji synpa baran pursatlaryndan başlanýar. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan şahsy kompýuterleriň sowgat berilmegi ýaş nesillerimiziň okuwa erjel we jogapkärli çemeleşmeklerine ýardam edýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň kararlaryna laýyklykda sanly bilim ulgamyna geçilmegi bolsa, ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin mümkinçiliklerini has-da artdyrýar.

Ýokary we ýörite orta mekdeplerde ýaşlarymyzyň ylym-bilim bilen içgin gyzyklanyp, irginsiz  meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Her ýylyň 1-nji sentýabr güni Bilimler we talyp ýaşlar, 12-nji iýunynda bolsa Ylymlar güni ýurdumyzda dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ylymly-bilimli, terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmegi baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşýar. Ýaşlarymyzyň ilhalar, Watanymyza, halkymyza, milli Liderimize wepaly, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin yzygider alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Mahym Paltaşewa.

  • 116
  • 09.04.2019