MAKALA

«Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyny, durmuşa geçirýän harby özgertmelerini giňden wagyz edýän «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň nobatdaky neşiri täze san bilen çapdan çykdy. Okyjylarynyň geriminiň giňelmegi, islegleriniň artmagy netijesinde onlarça müň san bilen çapdan çykan žurnalymyz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Rowaç» atly şygry bilen açylýar. Owaza baý şygryň özboluşly täsiriniň yz ýanynda «Dostlukly gatnaşyklar pugtalanýar», «Nusgalyk göreldäniň beýany» atly makalalar ýerleşdirilip, olarda berkarar döwletimiziň batly gadamlary giňişleýin beýan edilýär.

«Başymyzyň täji — mukaddes Watan, oňa gulluk etmek beýik mertebe» atly makalada bolsa, awtor üstümizdäki ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň, medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren taryhy duşuşygy we onuň ähmiýeti barada gürrüň edilýär. Soňky sahypada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň watançylyk temasyndaky ajaýyp goşgulary ýerleşdirilendir. «Hormatly Prezidentimiziň ideologiýasy rowaçlyklarymyzyň ykrarnamasydyr» atly makalada hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän idologiýasy, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly, geçen ýylda gurlup ulanylmaga berlen zawodlaryň, gazgeçirijileriň, geçirilen halkara çäreleriň we üstümizdäki ýylda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ähmiýeti dogrusynda ýazylýar. «Ýurt goragçylary hakyndaky aladalaryň dabaralanmalary» atly makala bolsa, şu ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilip geçilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen we Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanypdyr. «Nowruz — täzelenişiň hem milligiň baýramy» atly makalada Milli bahar baýramy barada gürrüň edilýär. Şeýle-de žurnalyň täze sanynda ýerleşdirilen «Sanly bilim – serhetçi talyplaryň okuw durmuşynda» atly makalada döwrebap bilim bermek usullarynyň täze görnüşi hakynda aýdylýar.

«Watansöýüjilik ähmiýetli bäsleşikler» atly makalada Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda geçirilýän bäsleşikleriň ähmiýeti, olaryň täze zehinleri ýüze çykarmakdaky we goldamakdaky mümkinçilikleri hakynda söhbet edilýär. Žurnalymyzyň indiki sahypasynda «Bereketli topragyň hümmeti» atly makala ýerleşdirilip, onda Gullugymyzyň kömekçi hojalygynyň önümleri, mümkinçilikleri hakynda maglumat berilýär.

Awtor «Söweşjeň ruhuň ykrary, ýurduň belent ykbaly» atly makalasynda serhetçileriň söweşjeň taýýarlygyny berkitmekde geçirilen okuw türgenleşikler dogrusynda beýan edýär. Žurnalymyzda halypalaryň hormatyna ýazylan «Ömür örki serhetde» atly makalada bada-bat ünsüňi özüne çekýär.

Bulardan başga-da žurnalyň täze sanynyň sahypalarynda «Esger kalby joşanda...» atly şygryýet bossany, «Serhetçi türgenleriň nobatdaky üstünligi», «Watanyň jigerbentleri — serhetçileň perzentleri», «Biz saňa garaşýarys», «Serhet goragçylarynyň edermenligi», «Köňül küýsegi — Watan asudalygy», «Adam häsiýetleri dogrusynda», «Galkan şekilli mäziň keselleri» we «Dabarasy «Aý» aşan oýun» atly täsirli makalalar, şeýle hem internet maglumatlary esasynda taýýarlanan «Töwerege sazlaşýan ýaşyrynlyk» atly döwrebap harby tehnologiýa baradaky makala öz beýanyny tapýar.

Körpeje çagalar üçin «Çörek we altyn» atly erteki, «Hany, oýlanyp görüň!» atly skanword, zenanlarymyza işdäaçarlary, tagamlary taýýarlamakda gollanma boljak maglumatlar žurnalymyzyň ahyrky sahypalaryny bezeýär.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 75
  • 09.04.2019