MAKALA

Toparlaýyn üçünji orny eýelediler

Şu günler gyzgalaňly dowam edýän spartakiadanyň çäklerinde golaýda türkmen milli göreşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň türgen harby gullukçylary hem gatnaşyp, toparlaýyn üçünji orny eýelemegi başardylar. Bu nobatdaky gazanylan üstünlik Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby gullukçylaryny begendirdi.

Türkmen milli göreşiniň inçe tilsimlerinden, emellerinden oňat baş çykarýan serhetçi türgenler aýry-aýrylykda hem öňdebaryjy netijeleri görkezmegi başardylar. 57 kg agram derejesinde Süleýman Orakow birinji, 100 kg agram derejesinde Annaçary Hekimow, 74 kg agram derejesinde Jelil Agabaýew ikinji orunlara, 68 kg agram derejesinde Haknazar Haýtmyradow üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Ahyrky netijede, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň türgenleri spartakiadanyň çäklerinde geçirilen sportuň türkmen milli göreşi boýunça toparlaýyn üçünji ornuň eýeleri boldular.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 90
  • 09.04.2019