MAKALA

Ýeri goramak üçin teleskop

Asmandan ýokarda – diňe älem giňişligi bar. Bu günki Halkara ylalaşyklaryň älem giňişliginde zarply urgy ýaraglaryny ýerleşdirmezlik hakyndaky ähtnamalaryna garamazdan, döwletleriň köpüsi älem giňişliginde şeýle ýaraglary ýerleşdirýändikleri hakynda biri-birine şübhelenýärler.

Space Surveillance Telescope (SST) – bu enjam astronomik gözleglerini amala aşmak üçin iň güýçli we kämil ýerüsti enjamy bolup durýar (bu enjamyň älem giňişliginde üstüni açan asteroidlarynyň sany 3600-dan gowrak bolup, 4 sany kometa we 69 sany ýere golaý jisimlerini tapmagyň hötdesinden geldi we bularyň hemmesi 5 ýylyň dowamynda amala aşyrylan işler bolup durýar).

Aslynda teleskop ýaragly güýçler üçin niýetlenen bolup durýar. Onuň aýratyn esasy tabşyrygy harby faktorlar bolup, (gaýry ýurtlaryň kosmiki apparatlary, kosmiki zibiller we ş.m.), harby asman gämilerini howatyrlandyrýar.

Häzirki zamanda ýokary derejedäki harby tehnologiýa hasaplanýan asman gämileri diýseň uly wezipäni ýerine ýetirýär. Space Surveillance Telescope-iň esasy wezipesi Ýeri Asman gämilerinden goramagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şonuň üçin ol hemişe gözegçilik  işlerini amala aşyrýar.

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlandy.

  • 98
  • 09.04.2019