MAKALA

Rowaçlyk daragty

Ata Watanymyz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda bedew batly gadamlar bilen öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir Watan raýaty öz durmuşyny dünýäniň öňdebaryjy ylmy-innowasiýaly ösüşlerinden aýry göz öňüne getirip bilmeýär, ony öz wagtynda özleşdirmäge çalyşýar. Biz — ýaşlar hem bu ugurda ähli güýç-gaýratymyzy, zehin-başarnygymyzy aýaman, geçilýän okuwlary hem tejribe sapaklaryny çuňňur hem doly öwrenmäge çalyşýarys. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» bize bu ugurda ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär.

Innowasion tehnologiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolmak degişli ugurlar boýunça ýaş nesliň ýokary hünär taýýarlygyny aýdyň ýüze çykarýar. Maglumat we innowasion tehnologiýalaryň sazlaşygynyň döredilmegi bu ugurdaky herekete işjeňlik bermek bilen ýaşlaryň oňa bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» biz — ýaşlaryň täze maglumatlar ulgamyna çekilmegine hukuk berýän resminama bolmak bilen birlikde, ol sanly ykdysadyýete içgin aralaşmagyň ylym-bilim binýadyny düzýär. Elektron enjamlaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýän hyzmatlar ulgamy sanly kompýuter tehnologiýalary bilen bagly hereket bolup durýar. Ony özleşdirmek hem öwrenmek, dolandyrmak işi bu tehnologiýalara çemeleşmegiň syrlaryny ele almagy talap edýär. Sanly ykdysadyýet önümçilikdäki harytlaryň ýerleşdirilmegini gazanmakda sanlary ulanmak arkaly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýar. Netijede, işleri sazlaşdyrmagyň wagt taýdan gysga ýoly hyzmatlaryň çaltlygynda bolup geçýär. Şonuň bilen birlikde, hasaplaşyklar hem aýny wagtynda berjaý edilýär. Şunda önümçiligiň we harytlaryň öndürilişiniň tutuş tapgyryny, düzümini emele getirmekde sanly platformalaryň ähmiýeti uludyr. Biz — ýaşlaryň sanly ykdysadyýeti düýpli özleşdirmegimizde, şeýle esasy binýatlyk san ulgamlarynyň möhümligi bilen biziň bu ugurdaky düşünjämizi baýlaşdyrýar. Sanly ykdysadyýeti özleşdirmekde elektron görnüşli kitaplary peýdalanmak maglumatlaryň giňişligini we çuňlugyny döredýär. Bu bolsa san hyzmatlaryny kämilleşdirmeklige talyplaryň hem gatnaşmagyna getirýär. Şol bir wagtda önümçiligiň bazara gatnaşygy, çykdajylaryň azalmagy, raýatlar üçin iş orunlarynyň döredilmegi, olaryň tölege ukyplylygy ýaly ösüşler ýüze çykýar.

Goý, bize döwrebap okamaga we bilim almaga, sanly ykdysadyýeti çuňňur hem-de ählitaraplaýyn özleşdirmäge, üstünlikli durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Durdymuhammet Oramow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

  • 103
  • 10.04.2019