MAKALA

Serhetçi türgenler tebigatyň goýnunda türgenleşýärler

Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatymyzyň ajaýyp keşbi has-da gözelleşdi. Ynsan nirede bolsa-da, tebigatdan daşda bolup bilmeýär. Çünki ynsan tebigatyň bir bölegi bolup, onuň bilen sazlaşykly ýaşaýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhetçi türgenleri hem şeýle arassa howada türgenleşik işlerini geçirmek maksady bilen Gökdere jülgesinde boldular. Serhetçi türgenleriň beden taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak üçin geçirilen türgenleşik işleri tebigat bilen ynsanlaryň arasyndaky özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Olaryň dag gerişlerine guran ýeňil ylgawlary bahar paslynda asmanyň ýüzünde toýnuk gurýan jygaly durnalaryň hataryny ýadyňa salýar.

Beden agzalaryny oýarmak maksady bilen amala aşyrylan ýeňil ylgawdan soňra serhetçi türgenler damarlary ýazyjy we öwrenişdiriji maşklary ýerine ýetirdiler. Maşklar toplumlaýyn dowam etdirilip, soňy türgenleşik işlerine sepleşdi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby özgertmeleriniň barşynda serhetçileriň hem ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertleri gowulanýar, harby gullukçylara sport bilen meşgullanmaga zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda gurlup ulanylmaga berilýän harby bölümlerde we serhet galalarda sport toplumlarynyň, sport meýdançalarynyň we türgenleşik ýerleriniň bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu aladalardan ruhlanýan serhetçi türgenler Gökdere jülgesinde ukyp-başarnyklaryny türgenleşik işlerinde açyp görkezdiler. Sambo, türkmen milli göreşi, woleýbol, basketbol we sportuň beýleki görnüşleri boýunça tebigatyň tämiz howasynda türgenleşen türgenler, baharyň elwan keşbinden ýakymly täsir aldylar.

Sport — sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, owadanlygyň, dostlugyň ilçisi hasaplanýar. Sport her bir ynsanyň durmuşyna gözellik çaýýar.

Biziň her birimize hemişe saglyk hemra bolsun!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 53
  • 10.04.2019