MAKALA

Bilim – ösüşleriň binýady

Dünýäde gazanylýan ösüşleriň ählisi kämil bilimden, çuňňur ylymdan gözbaş alýar. Her bir jemgyýetiň ösüşiniň ýokarylygyda şu hakykat bilen baglanyşdyrylýar. Biziň ýaşaýan döwrümiz ylmyň we tehnikanyň ýyldyrym çaltlygynda ösýän asyrydyr. Şonuň üçin ylmyň täze gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar bu gün dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini, geljegini kesgitleýän görkezijileriň esasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda Diýarymyzda dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar bilim ulgamyna güýçli depginde ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýylda uly möçberdäki serişdeler goýberilýär. Dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap orta hem ýokary okuw mekdepleriň ençemesiniň açylmagy, öňden hereket edip gelýän ylym-bilim ojaklarynyň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän täze binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň iň häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün edilmegi berkarar döwletimiziň röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryna täze sapaklaryň, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň girizilmegi we olarda täze kafedralaryň açylmagy, okatmagyň multimedia-interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda özüniň köptaraplaýyn ösüşini häzirki zaman dünýä ylmynyň gadamlaryna aýakdaş alyp barýan Türkmenistan ylmy maslahatlaryň merkezine öwrüldi. Ylmyň ähli pudaklary boýunça yzygiderli geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar gadymy döwürlerde hem «ylmyň ojagy» hökmünde häsiýetlendirilen türkmen topragyny dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezine çykardy.

Bagtyýar ýurdumyzda ylym-bilime, ylymly adamlara uly sarpa goýulýar. Bu taryhda-da şeýledi, häzirki zamanda, ylmyň güýçli depginde ösýän wagtynda-da has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol biziň edebi miraslarymyzda has-da aýdyň şöhlelenýär. «Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat» diýen türkmen pähimi bilimiň ýaşaýyş durmuşymyzdaky iň bir zerur serişdedigini görkezýär. Munuň hut şeýledigine türkmen akyldary Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň tutuşlygyna ylma bagyşlanandygy doly şaýatlyk edýär. Onda bilimli-ylymly bolmagyň ähli döwürlerde hem uly hormat-sylaga mynasypdygy aýdylýar.

Adamzadyň ynsanperwer garaýşyny, ahlak gözelligini, ruhy dünýäsiniň baýlygyny, içki duýgularynyň päkligini kämilleşdirýän ylmyň tutuş jemgyýeti ösdürýän serişdedigi hakyndaky pikirler «Wagzy-Azat» eseriniň tutuş mazmunyny düzýär.

Nejmeddin Kubra, Hoja Ahmet Ýasawy, Mahmyt Kaşgarly, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly ençeme akyldarlaryň ýaşap geçen türkmen topragy bu günki gün rowaçlyklaryň täze belentliklerini nazarlap, durnukly ösüşiň aýdyň ýolundan ynamly barýar. Eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alynýandygyny bellemek bolsa örän guwandyryjydyr. Milli Liderimiziň pähim-parasady bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, düýpli özgertmeleri toplumlaýyn amala aşyrýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işi has wajyp orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu pudaga degişli kabul edýän kararlary, çözgütleri ata Watanymyzda bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Pederlerimiziň paýhas eleginde elenip, biziň günlerimize gelip ýeten «Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag», «Ylym – akylyň ýarysy», «Ylym akyldan dem alar» ýaly pähimler ylym-bilime giň ýol açylýan döwründe has-da uly ähmiýete eýedir. Gurşunly kenek ýaly agramly, Älem ýaly giň çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän şeýle paýhasly sözler beýik özgerişliklere beslenýän ýurdumyzda has-da döwrebap ýaňlanýar. Ol paýhaslaryň süňňüni bolsa röwşen geljek üçin yhlasly okuw, çekilýän päk zähmet baradaky hakykat düzýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagy, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi we olaryň ýörite tor arkaly elýeterli üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiligini yzygiderli giňeltmek netijesinde bilim edaralarynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak sanly bilim ulgamyny doly derejede peýdalanmagyň girewidir. Orta, ýörite orta, we ýokary okuw mekdeplerinde döredilýän sanly bilim ulgamy okuw kitaplaryndan, gollanmalardan, sözlüklerden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredýär. Elektron maglumat çeşmesine birikmegiň mümkinçiligi ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna hem-de kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynda täze tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Elektron resminama dolanyşygy, elektron şahsyýetnama ulgamyna geçmek, bäsleşige ukyply elektron kitaphanany döretmek boýunça döwrebap işler alnyp barylýar. Sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylmagy bilim işgärlerini ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, dünýä ylmynyň täze gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak bu ugruň möhüm wezipeleri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa bilim ulgamynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyk kämilleşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýaşlarymyzyň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligi bolsa barha ýeňilleşýär we giňelýär. Dünýäniň ylym we tehniki babatdaky ähli gazananlary bolsa ýurdumyzda yzygiderli ornaşdyrylyp, bilim ulgamyň kuwwatyny, mümkinçiliklerini artdyrýar. Onuň üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň, hususan-da ýaşlaryň milli Liderimize bolan buýsanjy çäksizdir.

Meretguly Ýaýlymow,

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymy.

  • 100
  • 11.04.2019