MAKALA

Türkmen sportunyň dabaralanmasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Aşgabat şäherimiz iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Aşgabatda ähli amatlyklary özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi hereket etmek bilen, onda 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylyň noýabrynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. 2020-nji ýylda bolsa bu ýerde Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şular ýaly ýaryşlaryň ýurdumyzda geçirilmegi hem ýöne ýerden däl. Sebäbi Türkmenistanda şol ýaryşlary geçirmäge ähli şertler, giň mümkinçilikler bar.

Mälim bolşy ýaly, 7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçysy Wasiliý Şestakowy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň netijelerine hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň, ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginde gazanylýan üstünliklere uly baha berip, ýokary sport mümkinçilikleri we bu ugurda hünärmenleriň üpjünçiligine, häzirki zaman ugurdaş düzümlerine eýe bolan ýurt hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Duşuşygyň dowamynda 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Her ýyl ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçmek çäreleri «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem giň gerime eýe boldy. Diýarymyzyň dürli ýerlerinde köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri we beýleki çäreler ýaýbaňlandyryldy. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda hem sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler, welosipedli ýörişler, ýaryşlar ýokary derejede guraldy. Harby gullukçylarymyz Köpetdagyň dag gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluna ýörişleri geçirdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar örän jogapkärli wezipeler bolup, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris» diýip belleýşi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellemek hakynda ýörite Kararnamany kabul etdi. Bu bolsa ýurdumyzda sportuň ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosiped sportuny ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan işleriň dünýä tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu ykrar ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna itergi berip, umumadamzat ähmiýetli çäreleriň dowamat dowam bolmagyna ýol açýar.

Goý, mähriban Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Selbi Aşirowa.

  • 112
  • 11.04.2019