MAKALA

Bilim ulgamynyň innowasion ösüşi

Hormatly Arkadagymyz bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugurlarynyň üpjün edilmegine, ruhy taýdan baý, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesliň kemala gelmegine, çagalaryň zehinini ýüze çykarmak üçin zerur bolan şertleriň döredilmegine uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek üçin döredýän ähli şertleriniň: guramaçylyk we hukuk binýadynyň, maddy-enjamlaýyn, intellektual üpjünçiligiň bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bilim ulgamynda Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de döwlet maksatnamalaryna esaslanmak bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyna döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylýar, mugallymlar okuw sapaklarynda innowasion tehnologiýalary peýdalanýarlar.

Milli Liderimiziň innowasion ösüş hem-de ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak barada öňde goýan wezipeleri köp babatda bilim ulgamynda täze çemeleşmeleri kesgitleýär, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar we tehnologiýalar bilimde has ähmiýetli orny eýeleýär. Giňişleýin gerimi ugur edinýän ösüş strategiýasyny döretmek üçin Türkmenistan bilimlere esaslanan innowasion, sanly ykdysadyýeti kemala getirýär. Ykdysady ulgam üçin zerur bolan innowasiýalary döretmek üçin ylym-bilim ulgamynyň özi döwrebap innowasion we maglumat tehnologiýalary bilen sazlaşýar. Sanlaşdyrmak ylym-bilim ulgamynyň innowasion ösüşini dolandyrmagyň usullaryny, tehnologiýalaryny, gurallaryny kämilleşdirmek bilen gös-göni baglydyr.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz bilim, ylym we tehnika ulgamlaryny batly ösdürmegiň hasabyna ylmy-tehniki ösüş babatda üstünlikleri gazanýar. Ylmy işler bilen bagly önümçiligiň üstünlikleri, ylmy-tehniki we durmuş ösüşi köp babatda milli bilim ulgamynyň hil häsiýetnamalary bilen kesgitlenýär. Ilatyň bilim hem-de sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ösen tehnologiýalara esaslanan ylmy önümçilikleri ösdürmek döwletiň ileri tutýan ugurlary bolup durýar. Bularyň hemmesi döwlet ýaşlar syýasatynda jemlenýär, ol ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmaga hem-de ýaşlary goldamaga gönükdirilen çäreleri öz içine alýar. Sanly gurşawyň döredilmegi talyplara ýokary hilli we döwrebap bilimi almaga mümkinçilik döreder.

Ýiti we başlangyçly mugallymlary, hünärmenleri we höwesli talyplary bolan netijeli bilim we ylym-barlag gurşawyny döretmek okuw we ylmy edaralaryň derejesindäki wezipe bolup durýar. Mugallym diňe okuwçylary bilen paýlaşýan bilimlerini ýaýradyjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem sanly dünýä boýunça ýolbelede öwrülýär. Ol sanly sowatlylyga, sanly tehnologiýalar, şol sanda kompýuter programmalaşdyrma, maglumat gözlemek, alyşmak endiklerine eýe bolup, kommunikasiýa arkaly mazmuny döretmek we peýdalanmak ukybyna eýe bolmalydyr. Sanly tehnologiýalar, bir tarapdan, önümçiligiň möçberini we netijeliligini artdyrmaga ýardam edýär, beýleki tarapdan dürli ugurlarda şahsy çemeleşmäni durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Umuman, durmuşyň dürli ugurlaryna innowasiýalar ornaşdyrylýar, bu adamlary täze ösüşe, öz bilimlerini, başarnyklaryny, ygtyýarlyklaryny kämilleşdirmäge, dürli pudaklarda işiň täze görnüşlerini özleşdirmäge ugrukdyrýar. Öndürijiligiň ösüşini, işiň täze görnüşlerini, adam isleglerini ugur edinýän sanly eýýama kem-kemden geçilmegi üpjün etmek häzirki şertlerde esasy wezipä öwrülýär. Bilimiň maglumatlaşdyrylmagy täze derejä geçmek, zähmet bazarynda zerur bolan, ykjam we internet-tehnologiýalaryna erk edýän, şeýle hem elektron okuwynyň kömegi bilen üznüksiz bilim almagy ugur edinýän hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen sanlaşdyrma ulgamyna geçmek üçin binýat döretdi.

 

Jahan Turaýewa,

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

  • 74
  • 14.04.2019