MAKALA

Kuraş

Kuraş özüne ýapon dzýudosynyň, rus sambosynyň we özbek kuraşynyň emellerini birleşdirýän köpugurly sport göreşidir. Sport göreşi hökmünde ol geçen asyryň 90-njy ýyllarynda esaslandyryldy. Ony meşhur özbek türgeni Komil Ýusupow esaslandyrdy. Ol özleriniň milli göreş ugrunyň mirasynyň taryhyny öwrenip, ýaryşlaryň halkara standartlaryna laýyk gelýän kadalary işläp düzdi.

1998-nji ýylda, Aziýanyň, Afrikanyň we Ýewropanyň 28 ýurdundan ýygyndylaryň gatnaşmagynda Daşkentde geçirilen ýaryşyň barşynda Halkara kuraş assosiasiýasy döredildi. Şondan bir ýyl geçenden soňra bolsa, Özbegistanyň paýtagtynda birinji dünýä çempionaty geçirildi.

2003-nji ýylyň 24-nji ýanwary kuraş üçin taryhy senä öwrüldi, şonda Aziýanyň Olimpiýa geňeşi göreşiň bu görnüşini resmi taýdan ykrar edip, ony hemişelik esasda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizdi. Toplumlaýyn kontinental sport forumynyň çäklerinde ilkinji medallar ugrundaky ýaryş Kataryň paýtagty Doha şäherinde 2006-njy ýylda geçirildi. Soňra Söweş sungaty boýunça I Aziýa oýunlarynda hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça III Aziýa oýunlarynda (2009) şu görnüş boýunça hem ýaryşlar geçirildi.

Halkara kuraş assosiasiýasy özüniň iň ýokary sylagyny – «Altyn Ordeni» döretdi. Ol belli syýasatçylara we jemgyýetçilik işgärlerine sportuň bu görnüşini ösdürmäge uly goşandy üçin gowşurylýar. Häzirki wagtda assosiasiýanyň düzümine 110-dan gowrak ýurduň milli federasiýalary, şol sanda Türkmenistanyň federasiýasy girýär.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 27
  • 14.04.2019