MAKALA

Elektrik energiýaly awtobuslar

Bilermenler gibrid ulaglaryň we elektrokarlaryň peýda bolmagy bilen nebite bolan islegiň azaljakdygyny çaklaýardylar. Emma bu ulaglaryň nebit satuwyna o diýen täsiri bolmady. Maglumatlara görä, soňky ýyllarda, esasan, elektrik energiýaly awtobuslaryň sanynyň artmagynyň nebit önümlerine bolan islegi azaldandygy habar berildi. «BloombergNEF» maslahat beriş şereketiniň taýýarlan maglumatynda şu ýylyň ahyryna çenli bu awtobuslar sebäpli nebitiň sarp edilişiniň 270 müň barrel azaljakdygy aýdylýar. Bu awtobuslaryň köpüsi Hytaýda hereket edýär. Maglumatlara görä, diňe bu ýurtdaky elektrikli awtobuslaryň nebite islegiň azalmagyna goşýan goşandy bütin dünýädäki ähli elektrokarlaryňkydan üç esse köp. «Tesla» kompaniýasynyň awtoulaglary bolsa, dünýädäki elektrokar bazarynyň 12 göterimini emele getirýär.

Örän çalt depginler bilen ösýändigine garamazdan, elektroulaglaryň nebit pudagyna täsiriniň azdygy bellenilýär. «BloombergNEF» hem-de Halkara energiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, elektrik energiýasy bilen işleýän ähli ulaglaryň 2011-nji ýyldan bäri nebitiň sarp edilişine täsiri 3 göterim bolupdyr.

Nebitiň sarp edilişiniň azalmagyna awtobuslar has uly hem-de yzygiderli ulanylýandygy sebäpli, maşynlara garanyňda has köp täsir edýär. Ýol hereketine goşuljak her 1000 elektrik energiýaly awtobus nebitiň gündelik 500 barrel has az sarp edilmegine sebäp bolýar. Her 1000 elektroulag bolsa, nebitiň sarp edilişini gündelik 15 barrel azaldýar.

Şeýle bolsa-da, elektrokarlaryň nebitiň sarp edilişine täsiriniň artyşy dowam eder. 2040-njy ýylda bu ulaglar gündelik 6,4 million barrel nebitiň az sarp edilmegine getirer. Şol ýyla çenli ýangyjyň has netijeli peýdalanylmagy netijesinde bolsa, nebite bolan isleg gündelik 7,5 million barrel azalar.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 66
  • 14.04.2019