MAKALA

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini we göni benzini satyn aldylar. Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Şweýsariýadan gelen işewürler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamide isleg bildirdiler.

Bulardan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýna, portlandsement we nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 80 million 760 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 4 million 500 müň manatlyga golaý halylary, nah we garyşyk matany, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 680 müň manatlykdan gowrak kondisiýasyz polipropileni (TNGIZT) we pagta süýümini satyn aldylar.

  • 34
  • 15.04.2019