MAKALA

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talaba laýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.

***

Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

  • 15
  • 15.04.2019