MAKALA

Başymyzyň täji — mukaddes Watan, oňa gulluk etmek beýik mertebe

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň 14-nji fewralynda ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalaryň, medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda çuňňur manyly taryhy söz sözledi.

Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy çykyşy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň özenini Watan, watansöýüjilik düşünjelerinde beýan edilýän mukaddeslikleriň hasyl edýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Şeýle-de berkarar döwletimizi, häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan bu ýana ösdürmek ugrunda alnyp barylýan tutumly işleriň barşynda möhüm waka öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz halkymyz bilen el-ele berip işläp, ähli maksatlarymyzy we arzuwlarymyzy üstünlikli amala aşyrjakdygymyzy, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli özgertmegi dowam etdirjekdigimizi, demokratiýany giňeltmegi we döwletimiziň kanunçylyk esasyny kämilleşdirmegi üpjün etjekdigimizi, mähriban halkymyzyň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrjakdygymyzy ynam bilen aýdyp, bu babatda ýaşlaryň aýratyn möhüm orun eýeleýändigine hemmeleriň ünsüni çekdi. Çünki hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýaşlar biziň geljegimizdir. Şonuň üçinem ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik başarnyklaryny giňden goldap, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berip, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin giň ýol açmalydygyny möhüm wezipe hökmünde öňe çykardy.

Hormatly Prezidentimiziň bu duşuşykdaky taryhy çykyşynyň içinden eriş-argaç bolup geçen taglym biziň ýaşlarymyzy çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, Watany gözüniň göreji ýaly goramak, ony gülläp ösýän jennet mekanyna öwürmek ugrundaky mukaddes işe ähli gujur-gaýratyny, zehinini gaýgyrman, mynasyp goşant goşýan, gerek bolsa şirin janyny orta goýmaga taýýar adamlar bolmagyny üpjün etmegi özünde beýan etdi. Munuň üçin bolsa, geçmişde ata-babalarymyzyň görkezen edermenliklerini, watansöýüjiligini nusga hökmünde kabul edip, ýaşlary şol gymmatlyklaryň ruhunda terbiýelemegiň maksadalaýykdygyna hormatly Prezidentimiz hemmeleriň ünsüni çekdi. Şundan ugur alybam, hormatly Prezidentimiziň geçmişde halkymyzyň ruhuny galkyndyryp, medeniýeti, sungaty, edebiýaty belent derejelere çykarmaga mynasyp goşant goşup gelen akyldarlarymyzyň mukaddes Watan, watansöýüjilik baradaky paýhasly pikirleri beýan edilen setirlerini öz çykyşynda mysal getirmegi geçmişdäki akyldarlarymyzyň döreden gymmatlyklaryna be­lent derejede sarpa goýup, olary şu günki we geljekki nesilleriň hyzmatynda goýmagyň nusgasyny görkezýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şonda dana Magtymguly Pyragynyň:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň – diýen setirlerine salgylanmak bilen, hormatly Prezidentimiz biziň ählimizi agzybirlige, watansöýüjilige çagyrmagyň ajaýyp nusgasyny orta çykaran bolsa, onda yşk mülküniň şasy adyna eýe bolan şahyrymyz Mollanepesiň meşhur «Ner gezgin» şygryndaky:

Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,

Ol birine gep berip, ol birine al berme – diýen setirlerine ýüzlenmegi, biziň berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen hoşniýetli Bitaraplygy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda gollanyp gelendikleriniň beýanydygyny, bu ýörelgä esaslanyp, durmuşa geçirilýän tutumly işleriň bolsa XXI asyryň üýtgeşik taryhy şertlerinde diňe biziň halkymyza däl, eýsem, tutuş adamzada hyzmat edýändigini biziň öňümizde ýene bir gezek açyp görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaşlaryň kalbyna çuňňur watansöýüjiligiň mäkäm ornaşdyrylmagynda geçmişde akyldar pederlerimiziň döreden ruhy gymmatlyklarynyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetiniň bardygyny nygtaýar. Şol akyldarlaryň watansöýüjilik ýörelgelerini dowam etdiren döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň, hususan-da, geçen asyrda ýaşap geçen Gurbannazar Ezizowyň, Kerim Gurbannepesowyň eserlerinden hormatly Prezidentimiziň getiren setirleri aýratyn täsirli boldy. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Gurbannazar Ezizow:

Biz näm bolsak, şol bolaly,

Bolsa bolýar eziz Watan – diýse, zehinli şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ke­rim Gurbannepesow bolsa:

Diňe enem-atam, Watan öňünde,

Uç büküldim, aýry kysmat küýsemen – diýmek bilen, Watanyň ähli zatdan, hatda şirin jandanam belent tutulýan mukaddeslikdigini, ony başymyza täç edip, gözümiziň göreji ýaly goramalydygymyzy, ata-babalarymyzyň ruhy siňen mukaddes topraga tagzym edip, ony jennet mekanyna öwürmäge her birimiziň mynasyp goşandymyzy goşmalydygymyzy, eger gerek bolsa şirin jandanam geçmäge elmydama taýýar bolmalydygymyzy aňladýar.

Ata Watan her birimiz üçin mukaddesdir. Biz onda kemala geldik, ösdük, ulaldyk, adam bolduk. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz ýaşlar bilen, şol bir wagtda harby bölümlerine ýa-da serhet galalaryna baranda esgerler bilen duşuşyp, söhbetdeş bolanda, ilkinji nobatda, seni dünýä inderip, kemala getiren ataň-eneňi, galyberse-de, ata Watanyňy çyn ýürekden söýmegi, olara tag­zym etmegi, sarpalamagy ündeýändiginiň aňyrsynda çuňňur many ýatandyr. Eger ene-atamyz bolmasa, onda biz dünýä gelmezdik, eger ata Watan bolmasa, ynsan bolup kemala gelmezdik. Şonuň üçinem «Watan näme?» diýlip soralanda, şo bada «Göbek ganymyzyň daman ýeri» diýip jogap berýäris. Bu hakykatdan hem şeýle. Emma Watan diýlen mukaddesligi onuň nazy-nygmatlaryny peýdalanyp, kemala geleniňden, ýagny sözüň doly manysynda hakyky adam çykanyňdan soň, öz halal zähmetiň bilen, merdi-merdanalygyň bilen, haýyr-sahawatyň bilen hem gazanmaly. Watana, il-halkyňa, ene topraga eliňden gelen hyzmaty etmeli. Hormatly Prezidentimiz diňe mertleriň Watany beýgeldýändigini, Watanyň bolsa mertleri belende göterýändigini ýönelige aýdanok. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy:

Bir ýagmazak bulda meňzär howada,

Her kişiniň hümmet, haýry bolmasa – diýmek bilen, hiç kime haýyr-nepi degmeýän kişini, asmandaky ýagmazak buluda meňzedýär. Ýagmazak bulutdan topraga ne peýda?! Hiç kime nepi degmeýän kişi kime gerek?! Hiç kime!

Dürli sebäplere görä, ata Watandan jyda düşüp, bir niçeleriň nä günlere, nä külpetlere uçrandyklaryny, bir, göz öňüne getirip görüň?! Şonuň üçinem biziň dana pederlerimiz «Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym, Günüm dogmasyn» diýen ýaly pähimleri döredipdirler.

Mukaddes ene toprakda kemala geleniňden soň, oňa hyzmat etmeli.

Il-halkyň bir iş tutsa,

Sen ondan galyjy bolma – diýip, «Görogly» şadessanynda Jygalybegiň ýedi ýaşly agtygy Görogla berýän pentleriniň watançylyga çagyrýan owazdygy hemmelere mälimdir.

Hakyky ynsanlyk ata Watany goramakdan hem-de gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Şonuň üçinem, eziz Watanymyzyň goragçylary, bu mu­kaddes topragy gözümiziň göreji ýaly goraň! Bu Watany eşret mekanyna öwürmek babatda hor­matly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly işlerine her birimiz mynasyp goşant goşalyň! Diňe şonda biz bagtly bolup bileris. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip atlandyrylan 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda öňe süren möhüm başlangyçlaryny hemişelik ýörelgämize öwürmelidiris.

Atajan Burunow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor.

  • 52
  • 18.04.2019