MAKALA

Oglanjyk we onuň saýawany hem-de gurjakly bolan gyzjagaz barada kyssa

Saňa aýtmaly bir sözüm bar. Men ony sözüň göni manysynda ýeke söz bilen hem aýdyp bilerdim: Ynam. Ýa-da iki söz bilen: YNAM — MANY. «Ynam gudratly güýçdür» diýip, üç sözde-de aýdyp bolar. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Men pikirmi bir söz bilen aýdýarkam, Ol ýerde üç sözüň geregi näme?» diýen akyla eýerip, bu gürrüňiň nokadyny hem goýup bolar. Emma beýle edilse, bärden gaýdylaýjak ýaly bolup dur. Çünki eger-de bu meselede birküç söz ýeterlik bolsa, onda bu temada galyň-galyň, ýassyk ýaly (ýassyk ýaly kitap diýenimde, diňe bir onuň möçberini däl-de, adamyň başujunda durýandygyny-da nygtamak isleýärin) kitaplar ýazylmazdy. Häzir hem olaryň birnäçesi başujumda. Olaryň gönüden-göni ynamyň güýji barada ýazylanlary hem bar (umuman, kitaplaryň ählisi-de adamda ynam döretmek üçin ýazylýar ahyry). Ilkinji neşiri 1959-njy ýylda çap edilen kitaplaryň birinde şeýle diýilýär: «Mukaddes kitapda ynamyň daglary süýşürip biljekligi barada sözler bar. Bu sözler bize iň bir hakykata bap gelýän ýoly görkezýändir. Ynanyň, daglary süýşürmäge ukyplydygyňyza çyndan ynanyň — şonda siz muny amala aşyryp bilersiňiz. Haýp, daglary süýşürip biljekdigine diňe juda az sanly kişi ynanýar. Netije-de şoňa laýyk bolýar.

«Daga süýşmegi buýruk berseň, ol şo bada boýun eger diýip pikir etmek — patarraky. Bu asla boljak zat däl ahyry!», siz şeýle sözleri hökmanam eşidensiňiz. Şunuň ýaly pikir edýänler «ynanmak» hem «isleg beslemek» düşünjelerini garjaşdyrýandyrlar. Dogrudan hem, diňe göwnüňde isleg beslemek bilen daglary gozgamak mümkin däldir».

Elbetde, bu sözlere ho-ol ilerki başy garly daglary gozgamak ýaly göni manysynda düşünmek gerek däl. Olar Ýeriň myhy ahyry! Ondan başga-da her birimiziň özümiziň gozgamaly «daglarymyz» bar ahyry! Ynha, şu tymsal köpimize tanyş bolsa gerek: «Bir gezek tutuş bir obanyň adamlary Hudaýdan ýagmyr diläp, mynajat etmeli diýen netijä gelipdirler. Bellenilen gün adamlar toplanypdyr, ýöne olaryň içinde diňe bir oglanjyk eli saýawanly gelen eken». Eýsem, biziň hem käbir hereketlerimiz şol obanyň ilatynyň bolşy ýaly dälmi näme? Belki, ol biziň obamyz baradadyr. Hany, oýlanyp göreliň, «Şu gün bir akja gar ýagaýmaly ahyry!» diýip, ençeme ýola dileg edendiris. Emma öýden çykanymyzda, ýeke gezek hem ýanymyza saýawanymyzy alyp çykmadyk bolsak gerek. Eýsem, soňuna çenli okaman taşlan kitabymyz şol öýde goýan «saýawanymyz» dälmi? Öwrenjek bolup, ýörite depder tutunyp, özleşdirip başlan dilimizi «Höwes et — bes et!» diýip taşlamagymyz şol öýde goýan «saýawanymyz» dälmi? Ýada oglanlykdan saýlanylsa, «Aý, saýawan hökmanam däl-le» diýlen netijä gelnäýýärmikä? Çagakak çapan çybyk atymyzyň çyn bedewe — gyr ata öwrülmezliginiň düýp sebäbi şol «saýawanymyzy» oglanlykda galdyryp gaýdanlygymyz üçinmikä? Belki-de, oglanlykdan «saýawansyz» ululara meňzejek bolýanlygymyz sebäpdir muňa?!

Dostuny halas etmek üçin galyň buzy döwmegi başaran kiçijek çaga barada okapdym. Şonda beýle zadyň «mümkin däldigini» bilýän ulular, ondan muny nädip başaranlygyny sorapdyrlar. Şonda olara «dagy süýşüren» halasgär çaga derek oglanlykda «saýawanyny» unutmadyk (ýa-da gaýtadan tapan) bir goja jogap beripdir: «Onuň ýanynda beýle zadyň başartjak iş däldigini aýdýan hiç kim ýok eken...» Hol gün gugurdaýan gumry bilen «gürleşip» («gugurdaşyp» diýsem hem bolýar) oturan, entek adamça doly gürlemegi hem başarmaýan gyzjagazy görenimde, ýaňky halasgär oglanjyk ýadyma düşdi. Onsoň men oňa guş bilen gürleşip bolmaýanlygyny aýtmadym. Olaryň söhbedi gutarandan soňra men iki bolup nämäniň gürrüňini edendikleri bilen gyzyklandym (elbetde, gyzjagazdan soradym, gumry bilen düşünişip bolýandygy baradaky «saýawanym» hem çagalykda galypdy). Asyl gumry oňa «Kökejigiňden dişläp göräýeýin» diýipdir. Gyzjagazam bir döwümjik köke beripdir oňa. Onsoň gumry oňa ertir owadanja gurjak getirip berjekdigini aýdypdyr. Gyzjagaz gurjakly bolandyr. Sebäbi, iň esasy zat, birinjiden, onda ynam bardy, ikinjiden, guş dilinde «gugurdaşyp» bilýärdi, galyberse-de, gyzjagazyň kän bir ähmiýet bermedik ýene bir ýagdaýy: ikimiziň guş bilen bolan söhbet hakdaky gürrüňimizi çaganyň kakasy eşidip durdy. Ol bolsa «daglary gozgamagyň» mümkin däldigini entek-entekler gyzyna aýtjak adam däldi.

 Sözümiziň başynda şahyryň: «Men pikirmi bir söz bilen aýdýarkam, Ol ýerde üç sözüň geregi näme?» diýen setirlerini getiripdik. Indi görüp otursam (kompýuteriň aşak başynda näçe söz ýazylandygyny görkezýän maglumata seretdim), bu pikirimi aýtmak üçin üç sözden iki ýüz esse köp söz ulanan ekenim. Ýene köpelip gidip oturmanka, indi bes edeýin-le. Ine, meniň-ä aýtjak sözüm şular...…

P.S. Haýyşym: «Saýawanyňyzy» unutmaň ýa-da hälki gojanyňky ýaly gaýtadan tapyň!

Orazmyrat Myradow.

  • 80
  • 20.04.2019