MAKALA

Garaşan wagtyňda däl, gerek wagtynda

Her halda şükürli bolmak uly derejeleriň biri. Bolýan wakalaryň syrly hikmetine aýdyň göz ýetirýän pirler üçin bolsa bu adaty zat. Bir gezek Nejmeddin Kubranyň şägirtleriniň biri kerwene daklyşyp, onuň tabşyrygy bilen uzak ýola sapara çykypdyr. Ep-esli ýöränsoňlar, garaňky gatlyşypdyr. Golaý-goltumda oba-gara bolmansoň, kerwendäkiler şol ýerde düşlemegi müwessa bilipdirler. Howanyň çigrekligi bulary az-kem aljyradypdyr. Töwerekden tutaşdyrlyk odun tapmak hem hyllalla bolupdyr. Garaz, ahyry bir saý-sebäp bilen oňşarlyk odun çöpläpdirler. Boldugyndan nahar-şor edinipdirler. Kerwendäkiler az-kem zeýrenip başlapdyr. «Hernä, sag-aman menzilimize bir aşsak, ýogsam bu sowuk aldajy ýaly, gagşadyp goýanok. Irgözinden ýola düşen bolsak, belki-de bu çola ýerde düşlemezdik» diýşipdirler. Emma piriň şägirdi zeýrenmek beýle-de dursun, Hudaýa senalar aýdyp, şükür edip oturan eken. «Biz-ä şeýle zyýada şükür eder ýaly ýagdaý göremizok. Gijäniň tümlügi. Gyşyň aňzagy. Daşymyzda köwejekläp ýören aç möjekler. Ýeri, şükür eder ýaly näme bar?» diýşip, adamlaryň käbiri geňirgenipdir. «Ýaradan bize näme görkezýän bolsa, bizi synamak ýa-da taplamak üçin görkezýär. Hikmet siz çöp başy gymyldamaz. Biz şu mahal nähili ýagdaý bilen gurşalan bolsak, bu biziň üçin iň haýyrly ýagdaýdyr. Şükür edýänlere mundanam gowusy garaşýandyr. Onsoňam, Allanyň hemaýaty biziň oňa garaşan wagtymyz däl-de, tüýs bize gerek wagty, aýny wagtynda gelýändir» diýip, şägirt jogap beripdir.

 

Rahmet Gylyjowyň terjime eden

«Halallyk kyssalary» atly kitabyndan.

  • 42
  • 23.04.2019