MAKALA

Sözleri manylary bilen öwrenip…

Sözleşmek arkaly düşünişmegiň artykmaçlyklaryna akyl ýetiren ata-babalarymyz pikiriň dilden aýdylyşyny-da, ýazyp beýan edilişini-de baryp Oguz han eýýamynda öwrenip başlapdyrlar. Sesleri, sözleri, sözlemleri aýtmakda esasy hyzmaty diliň ýerine ýetirýändigine görä, ol ylym dil bilimi diýlip atlandyrylypdyr.

Mundan müň ýyl ozal görnükli dilçi alym Mahmyt Kaşgarly Hindi ummany bilen Ortaýer deňzi aralykda göçüp-gonup ýaşan türki kowumlaryň dilini öwrenmek maksady bilen obama-oba aýlanyp, ýygnan sözlerinden 8500 töweregini deňeşdirmek arkaly olar çekimli hem çekimsiz sesleriň aýdylyşy taýdan tapawutlansalar-da, manylarynyň meňzeşdigine esaslanyp, genetik taýdan asyllarynyň birdigini açypdyr. Häzir türki dillerinde sözleşýän doganlarymyzdan ýakutlar, tywalar, hakaslar, altaýlar uzak gündogarda – Sibirde, Merkezi Aziýada özbekler, gazaklar, garagalpaklar, şeýle hem gyrgyzlar azerbaýjanlar, tatarlar, başgyrtlar, çuwaşlar Wolga, Kama, Ural derýalarynyň boýlarynda, gagauzlar, garaýymlar, urumlar Moldowada, Belarus Respublikasynda, türkler kiçi Aziýada, salyr, uýgur doganlarymyz Hytaýda başga-başga dillerde sözleýän halklar bilen goňşuçylykda ýaşaýarlar. Olaryň fonetikasyndaky, leksikasyndaky, grammatikasyndaky umumylyklar asyllarynyň birdigi, aýratynlyklar bolsa olaryň her biriniň soňky asyrlarda başdan geçiren taryhy wakalary, syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary bilen düşündirilýär.

Biziň ene dilimiz türki dilleriň iň gadymysy hasaplanylýar. Onda diňe türki dillere däl, eýsem gadymy altaý dil maşgalasyna degişli, hatda şumerleriň, Amerikanyň, Ýaponiýanyň ýerli ilatlarynyň dillerine mahsus dil aýratynlyklarynada, azda-kände fonosemantik özgerişlere sezewar bolan ençeme sözlere gabat gelinýär. Biziň ähli babatda dünýäniň hiç bir dilinden kem oturmaýan, ýüz müňlerçe söz baýlygy bolan, köp stilli, ösen baý edebi dilimiz bar.

Dil halklaryň milli özboluşlylygyny, ruhy keşbini, taryhyny, folkloryny, edebiýatyny, däp-dessurlaryny, maddy-medeni derejesini öwrenmek üçin hem iňňän gymmatly çeşme – bilimler çeşmesidir.

 Aňyýeti ösdürmegiň möhüm serişdesi bolan sözler dil biliminiň ähli bölümleriniň merkezi meselesi bolup durýar. Älem-jahan – bütin barlyk, predmetlerde, düşünjelerde söz bilen atlandyrylýar, söz görnüşinde beýnä ornaşdyrylýar, söz arkaly oýlanylýar, oý-pikirlerimiz söz bilen beýan edilýär. Ata-babalarymyzyň durmuş tejribesi, akyl-paýhasy, miras galdyran ähli ruhy baýlygy dilde – sözlerde saklanýar.

Beýik söz ussady Magtymguly atamyz:

Jahanda aňlardan aňlamaz kändir,

Bilmezler beladyr, bilenler jandyr.

Ol ýigitler adam dilli haýwandyr –

Söz aňmasa hem ygrary bolmasa – diýmek bilen, sözüň aňyýeti ösdürmekdäki ähmiýetini nygtapdyr.

Söz manysyny aňmaýan, aýdylan-diýlene düşünmeýän adam öz oý-pikirini anyk, düşnükli, täsirli beýan etmegi, sözleri maksadalaýyk ýerlikli ulanmagy-da başarmaýar.

Sözleriň manysy bilen öwredilmegi gerek. Ýogsa, okuwçylar gönükme sözüne ýumuş diýip düşünýärler, onuň göni ýola gönükdirmek manysyny bilmeýärler. Özleşdirmek sözüniň kitaplardan okanyňy, mugallymyň aýdanlaryny özüňe kabul etmegi aňladýandygyny, kitap, mekdep sözleriniň, ders, medrese, ylym, alym, mugallym ýaly sözleriň asyldaş sözlerdigini aňlamaýarlar. Ekmek, ekin, eklenç sözleri asyldaşdyr, ekin bilen ösümligiň hem parhy bar.

Aňly-düşünjeli, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly döwrebap nesli kemala getirmek üçin, birinji nobatda ene dilimiziň söz baýlygyny, sözleriň täsirliligini, many goýazylygyny oňat öwrenmegimiz we ýaşlara öwretmegimiz, olaryň söz bilen oýlanyş ukyplaryny ösdürmegimiz gerek.

Çagalara sözleri manysy bilen öwretmekde ata-babalarymyz sözleriň, aýratyn hem düşünje aňladýan sözleriň manysyny sinonimleriniň we antonimleriniň kömegi bilen düşündirmek usullaryndan peýdalanypdyrlar. Sinonimleri, antonimleri il-ulus, ugur-ýol, ses-üýn, ys-kok, ýeke-ýalňyz, dost-ýar, çöl-beýewan, dost-duşman, az-köp, ir-giç, ýagşy-ýaman... ýaly tirkeşdirip ulanmak bilen pikiriň täsirliligini artdyrypdyrlar hem-de işjeň ulanyşdan galan sözleri unudylmakdan halas edipdirler. Sözleri manysy bilen öwretmek babatda asyrlaryň synagyndan geçen baý tejribäni özge dilleri öwretmekde ulanmagyň hem ähmiýeti uludyr.

Gadymy hem Orta asyr ýazuw ýadygärliklerimiz ata-babalarymyzyň arap, pars dillerini-de kämil bilendiklerinden habar berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ХХI asyry aňyýet asyry, tehnologiýa asyry, ylym asyry diýip häsiýetlendirýär. Häzirki ösen asyrda ýaşlarymyzyň-da dünýä dillerini suwara bilmekleriniň zerurdygyny nygtaýar.

Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin aň-düşünjeli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, türkmen, iňlis, rus dillerini kämil bilýän, öz oý-pikirlerini anyk, düşnükli, täsirli beýan etmegi başarýan ýaş nesli kemala getirmekde birinji nobatda sözleriň aňladýan manylaryny öz ene dilimiz bilen degşirip öwretmäge aýratyn üns berilmelidir.

 

Begmyrat Weýisow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

Türkmen dili kafedrasynyň müdiri, dosent.

  • 83
  • 24.04.2019