MAKALA

Bedew — döwürleriň buýsanjy

Aslyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, at-owazasy dünýä ýaýran gamyşgulak, owadan, ýyndam, ynsan ýaly duýgur bedewlerimiziň sarpasy bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen barha belende göterilýär. Halkymyzyň baý taryhy bilen döwürdeş bedewlerimiz milli mirasymyzyň genji-hazynasy hasaplanýar. Milli Liderimiz behişdi bedewlerimize ýokary baha berip, şeýle diýýär: «Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň nepis halysy, altyn-kümüş şaý-sepleri ýaly, onuň gamyşgulak bedew aty hem milli baýlyklarymyzyň biri hasaplanýar. Ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr».

Halkymyz geçmişde ahalteke bedewlerini dini rowaýatdaky uçýan Byraga, hezreti Alynyň Düldüline, Göroglynyň Gyratyna deňäpdir. Olaryň «Oguznamada», «Göroglyda», taryhy romanlarymyzdyr poemalarda, şahyrlarymyzyň goşgularynda waspy ýetirilipdir.

Magrupy:

«Jennet Byragy diýmişler,

Ýalançyda atdyr bedew» diýse, Mollanepes:

Ata-babaňny aýytsam, Düldüliň öz ogly sen,

Ene-mamaňny aýytsam, jenneti-reýhan güli sen,

Häsiýetiňi söýlesem, söýetiň söýgüli sen,

Akly adam, jynsy haýwan, keseri-dana bedew.

Mätäji:

«Pelläge barsaň, meger, gyzdan gylykly duruşyň,

Ýörhä-ýör bolsa ýene towşan kimindir turuşyň» diýýär.

Atlaryň aýak uruşlaryna goşulyp çykýan dutaryň owazy her bir türkmeni hoşuna getirýär. «Atçapar» sazyny diňlän adam, göýä ýeňiş gazanyp gelýän ýaly, joşgunly haldadyr. «Bedew», «Göroglynyň at oýnadyşy», «Daglar gümmür-gümmürlendi», «Daglara bar», «Owazy geldi» ýaly aýdym-sazlar islendik diňleýjiniň ruhuny asmana göterýär.

Türkmen halky öz atlaryny gelin-gyzlarymyzyň dokan nepis at halylary, töweregi seçeklenip, eýer üstüne atylan eýerlik, halyça, şeýle-de, altyn-kümüş şaý-sepler bilen bezäp gelipdir. Geçmişde halkymyz batyr ýigitlerini bedewsiz göz öňüne getirip bilmändir. Bu barada Magtymguly atamyz: «Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty, Şony belli biliň, ýokdur gaýraty» diýýär.

Seýitnazar Seýdi bolsa: «Münende şaý bolsa tükel esbaby, Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň» diýip, bedewiň üstüni Süleýman pygamberiň tagtyna deňeýär. Göroglynyň «Zürýat dilemedim, seni diledim» diýmegi, Magtymguly bilen Durdy şahyryň «Habar ber — şeýledir» aýdyşyk goşgusynda: «Bedew atlar adam ýaly syzýar» diýilmegi ýöne ýerden däldir.

Görnükli ýazyjymyz Ata Gowşudowyň «Dordepel» eserinde dag etegindäki obalaryň birine duşman çozup, daşy gabalanda, töwerekdäki obalara çapar ibermek üçin Dordepeli ibermeli diýen karara gelenlerinde, atyň eýesiniň: «Eger meniň atym gitmeli bolsa, onda at bilen meniň öz oglum gitsin» diýip, on-on iki ýaşlaryndaky ogluny ibermegi-de Dordepeliň şol maşgalada diýseň ezizlenýändigini görkezýär.

Behişdi bedewlerimizi dünýä tanatmakda edilýän işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiz dur. Gahryman Arkadagymyz bedewlerimiz barada ajaýyp kitaplaryny halkymyza serpaý etdi. Bu eserler dünýä dilleriniň birnäçesine terjime edildi. Bu bolsa dünýä ýüzünde Garaşsyz Watanymyza, halkymyzyň medeniýetine, sungatyna, asylly däplerimize gyzgyn söýgi döredýär.

 

Hemra Kakajanow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň kafedra müdiri.

 

  • 198
  • 24.04.2019