MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim, ylym barada aýdanlaryndan

Adamzadyň, halklaryň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmeginde asylly zähmet çekýän mugallymlaryň we bilim işgärleriniň uly paýynyň bardygy örän guwançlydyr.

* * *

Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan özgertmelerimiz halkymyzyň şu gününe we ýagty ertirine ynamydyr, aýdyň maksadydyr.

* * *

Nesillerimiziň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, dünýä derejesinde döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýägaraýyşlaryny giňeltmegi, geljekde il-ýurda peýdaly ökde hünärmenler, belent ahlakly, halal adamlar bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladalarynyň biridir.

* * *

 Türkmen halkynyň eşretli hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde milli bilimiň we ylmyň durnukly ösüşiniň möhüm ähmiýeti bardyr.

* * *

Türkmenistanyň bilim we ylym ulgamlarynyň dünýä ulgamlary bilen sazlaşykly we utgaşykly ösdürilmegi esasy wezipeleriň biridir. Ýokary hilli bilim, döredijilikli zähmet, peýdaly ylmy netijeler we oýlap tapyşlar, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň hem-de dünýä halklarynyň abadançylygyna goşant goşmalydyr.

* * *

Okamak, öwrenmek, eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny arşa götermek täze döwrüň ýaşlarynyň öz öňlerinde goýan baş maksadyna öwrülmelidir.

* * *

Biziň ýaşaýan döwrümiziň iň gymmatly baýlygy, iň güýçli gudraty bilimdir.

* * *

 Ýurdumyzda halkyň, ýurduň ykbaly, onuň bagtyýar geljegi bilen aýrylmaz bagly bolan bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berilmelidir.

* * *

Milli bilim ulgamymyzyň dünýä ylym we bilim ulgamy bilen sazlaşýan hem-de ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän aýdyň ýörelgesi bolmalydyr.

* * *

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky täze başlangyçlar halkymyzyň ýagty geljegini üpjün etjek berk binýatdyr.

* * *

Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir.

* * *

Biz bilimi durmuş syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hasaplap, ýurdumyzyň bilim binýadyny yzygiderli pugtalandyrmalydyrys.

  • 101
  • 26.04.2019