MAKALA

Kitap — ruhy baýlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kitabyň ähmiýetine, kitaphanalaryň işine uly üns berilýär. Kitap çap etmek işiniň ýokary derejesi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy çaphana önümleriniň hilini ýokarlandyrýar.

1995-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş Assambleýasynyň maslahatynda kitaplaryň ornuny has-da ýokarlandyrmak, dünýä belli ýazyjylaryň ylmy, çeper eserleriniň adamzat ösüşiniň taryhyndaky ähmiýetini, gymmatyny hormatlamak we aýawly saklamak maksady bilen, her ýylyň aprelinde Kitap we awtorlyk hukugynyň Bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şu aýda her ýyl ÝUNESKO, beýleki halkara guramalary hem-de kitap çap edijiler, kitap satyjylar we kitaphanalar Bütindünýä kitap paýtagtyny saýlaýarlar. Bu ýyl Bütindünýä kitap paýtagty bolmak Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäheriniň paýyna düşdi.

Biziň ýurdumyzda her ýyl hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasy geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan, ýurdumyzyň we dünýäniň neşir önümleriniň üstünliklerini we gazananlaryny görkezmäge gönükdirilen bu kitap forumyny geçirmekde baş maksat bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr.

Bu forum Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen alyp barýan köptaraply hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem ol dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana, halkymyzyň baý milli mirasyna, medeniýetine we sungatyna bolan barha artýan gyzyklanmasyna şaýatlyk edýär. Barha ösýän döwür neşirýat-çaphana işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Çeper bezelen, ýokary hilli, çuň many-mazmunly eserleri we beýleki neşir önümlerini çap etmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolup geçýän täzelikleri halk köpçüligine ýetirmek bu ulgamda zähmet çekýänleriň esasy borjudyr.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler kitaphanalaryň işine oňyn täsirini ýetirýär we olardan işi täzeçe guramagy talap edýär. Kitaphanalar ruhy baýlyklary özünde jemlemek bilen, galkynyşy döretmekde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2012-nji ýylda «Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Merjen Gurbannazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

  • 59
  • 27.04.2019