MAKALA

Ynamly ädimler

Häzirki günde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwrebap derejede ösmegi bilen, öňdebaryjy dünýä tejribesi halkymyzyň milli aýratynlyklaryna laýyklykda, yzygiderli ornaşdyrylýar. Gündelik iş pursatlarynda ýurdumyzyň her bir raýaty milli ykdysadyýetimize üstünlikli girizilýän «sanly ulgam» düşünjesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Eýsem, sanly ulgam näme? Ol kompýutere gerekli programma üpjünçiligini ýükläp, alysdaky kompýuterlere internet tory arkaly elektron serişdeleri bilen baglanmakdyr. Sanly ulgam edara-kärhanalaryň arasynda internet tory arkaly elektron resminama dolanyşygynyň ýa-da belli bir aralykda programma üpjünçiliginiň elektron görnüşiniň kömegi bilen aragatnaşykda bolup, amallary ýerine ýetirmekdir.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini has-da belent basgançaklara çykarmak üçin sanly ulgamyň orny örän uly. Diýarymyzyň ähli pudaklarynyň işine sanly ulgam ornaşdyrylýar hem-de kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň elektron maglumat üpjünçiligi ulgamy döredilýär. Sanly ulgam ähli işler ýerine ýetirilende wagty tygşytlamaga, elektron resminama dolanyşygy arkaly işi çaltlaşdyrmaga, raýatlaryň ösen isleglerini kanagatlandyryp, iş ýeriňden ýa-da öýünde oturan ýerinden çykman, awia, otly, awtobus peteklerini satyn almaga, gerekli harajatlaryny buýurmalar arkaly öýüne getirtmäge, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowy hem-de çalt ýerine ýetirtmäge we başga-da dürli pudaklaryň işinde ähli işleri bilelikde ugurdaş alyp gitmäge uly ýardam edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk hem gowulanmagyna, ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ähli ugurlar bilen bir hatarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. Häzirki zaman şertlerinde täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýän mähriban Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda nobatdaky ädime öwrüldi. Bu resminama 7 bapdan ybarat bolup, olarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär. Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyr — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyr — 2020 — 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyr — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň elektron hökümet ulgamynyň maksatnamasyny taýýarlamak barada beren tabşyrygy, sanly ykdysadyýetiň Konsepsiýasynyň möhletiniň başlanmagy bilen, оnuň öz wagtynda amala aşyrylmagyna uly üns berilýändigini tassyklaýar. Şeýlelik-de, 2019 — 2025 ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy durmuşa geçiriler. Elektron hökümet ulgamynyň kämilleşdirilmegi we sanly hökümet ulgamyny ornaşdyrmagyň ýaýbaňlandyrylmagy bu döwürde döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlendi. Gürrüň, ilkinji nobatda, elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň işjeňliginiň ýola goýulmagy, şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak barada barýar. Bu ugurdaky çäreleri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maglumat, aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň we internet ulgamyny ösdürmegiň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Täze tehnologiýalar edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem fiziki şahslara harajatlary azaltmaga, hojalyk hyzmatdaşlary we döwlet gurluşlary bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga ýardam edýärler. Şonuň netijesinde, sanly ulgama esaslanan elektron ýa-da sanly ykdysadyýet kemala gelýär. Sanlaşdyrmak düşünjesi harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiliginiň dolandyryşyny häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly kämilleşdirmegiň täze tapgyrlaryny göz öňünde tutýar. Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmeginiň binýatlyk sebäbi döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, lomaý we bölek söwdany, şeýle hem jemagat, şahsy we durmuş hyzmatlaryny öz içine alýan gurşawyň ösmegi bilen baglydyr. Sanly ykdysadyýetiň adamyň gündelik durmuşyna giňden aralaşmagy bilim ulgamyna, saglygy goraýşa, ulag ulgamyna, bölek söwda-maliýe hyzmatlaryna, önümçilige, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we beýlekilere ýiti täsirini ýetirýär. Şeýle hem internet täze pikirleri emele getirmäge we paýlaşmaga ýol açyp, täze kärhanalary we bazarlary döretmek bilen, adamlaryň täze ugurlar boýunça hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeldýär. Ykdysady ösüşiň sanlaşdyrmak ýoluny saýlap alan Türkmenistan bu ugurda öňde duran wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmakda uly mümkinçiliklere eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amal edilýän islendik durmuş-ykdysady özgertmeleriň bir tarapynda durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge bolan meýiller şöhlelenýär. Sanly ykdysadyýet bu maksatlaryň amala aşyrylmagyna, hususan-da, hemmeleriň abadan durmuşda ýaşamagyna, ýokary hilli bilimi üpjün etmäge we hemmeleriň bütin ömrüniň dowamynda okamak mümkinçiliklerini höweslendirmäge, ýurtlaryň we olaryň raýatlarynyň arasynda deňsizligi azaltmaga, şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge uly goşant goşýar. Ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň görnüşleri we sany barha artýar, «Internet-bank» we «Mobile-bank» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň ugurlary giňeldilýär. Ulag ulgamyna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Şeýle hem ykjam maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar. 2018-nji ýylyň tomsundan başlap, demir ýol we howa gatnawlarynda petekleri nobata durman satyn almak mümkinçiligi döredilip, olaryň onlaýn tertipde satuwy ýola goýuldy. Şeýle hem taksi hyzmatynyň täze görnüşleri hödürlenip başlandy. Hususan-da, paýtagtymyzdaky Taksomotor awtoulag kärhanasynda hereket edýän onlarça ýeňil awtoulaglara planşetler oturdyldy we müşderilerden sargytlary internet arkaly kabul etmek hyzmaty ýola goýuldy.

Aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň barşynda Internetiň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hut maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň we Internetiň ösdürilmeginiň hasabyna sanly ykdysadyýetiň ösen ulgamyny emele getirmek Konsepsiýanyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenilýär. Döwrebap tehnologiýalar, innowasiýalar telelukmançylygyň, uzak aralykdan bilimiň, ulag ulgamynyň, howpsuzlygyň we başga-da birnäçe ugurlaryň hem döwrebaplaşmagyna itergi berýär.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça giň göwrümli işler alnyp barylýar. Bu konsepsiýa maglumat-bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen Internet arkaly uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, telewizion alyp görkezişini sanly görnüşe geçirmek, milli kosmos ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, oba hojalygy, nebitgaz pudaklarynyň zerurlyklry üçin möhüm bolan çäreleri amala aşyrmaga hem-de daşky gurşawa gözegçilik etmäge niýetlenen emeli hemra ulgamyny döretmek meýilleşdirilýär. Şeýlelik-de, sanly ykdysadyýeti ösdürmegi maksat edinýän özgertmeler bazary ösdürmegiň möhüm şerti bolup, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Biz bedew batly ýurdumyzyň ylym hem tehnologiýa babatda dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna ynamly goşulmagyna, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösmegine giň ýol açýan mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

 

Sähra Ahmedowa,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň baş režissýory.

  • 80
  • 28.04.2019