MAKALA

Bedew (hekaýa)

— Gurban baýramy gowy zat — diýip, Derkar göçgünli gürledi. Onuň sözüni Jahansoltan alyp göterdi.

— Näsini aýdýaň, adamlaryň şatlykdan ýaňa ýüzlerinden nur dökülýär.

— Nädip, şeýle bolmasyn, bu günlerde bir-birege goýulýan hormat, gadyr öňkülerden kän zyýada. Adamzat kowumy hakyky bolmalysyna has ýakyn gelýär, hiç kimsäň göwnünde kine ýok, niýetleri ýagşa tutulgy. Bedew — Düýn iki adamlyk tagtabatda gowy uçduk, şeýle gerek? Birhili egnimden agyr ýük aýrylan kimin, heziller edinäýdim. Saňa-da şeýle boldumy?

— Alada galdym.

— Elheder alar ýaly näm bolupmyşyn?

— Durar ýerde durmadyň. Şunça: «Ýuwaşrak uç» diýsemem, gowşamadan geçen, badyňy barha artdyrýaň.

— Ýanymda sen bar-a, neneň onsoň, gylaw almaýyn, göçmäýin?! Ýüregime joşguny, gollaryma kuwwaty sen berdiň. Şol pursatdakym ýaly özümi hiç haçan şeýle bagtyýar saýmandym.

— Beýle güjeňlär ýaly mende neneňsi üýtgeşiklik gördüň?

— Kiçigöwünlilik gowy zat. Bu akyl-huşlulygyň alamaty. Jahanda taý ýok, seň bilen deňleşer ýaly. Görk-görmegiň ähli gözellikden zyýada. Saňa göbegene bolan Jemal daýzaň gulagyna gaýypdan owaz eşidilen bolmaly. Bolmasa, tüýs özüňe gelşip duran beýle ajap at onuň ýatsa-tursa, oýuna-küýüne gelmezdi. Jahansoltan! Bu işmi dile alanyňda, süňňüň sökelenip, ýüregiň ýylap gidýär. Ähli zatdan diňe ýagşylyga garaşýaň. Sen, hakykatdan hem, jümle-jahanyň soltany! Eşidýärmiň, tamam barlygyň, älemiň soltany!

— Ýuwaşrak, bu oglanyň bolşuny, meni ile peçan etmek niýetiň bamy? Bogazyňa bat bermäň näme?

— Hakykaty aýtmagyň näme utanjy barmyşyn?

— O diýýäniňi ýuwaşrak hem aýdyp bor-a! Käte gygyryp gürlenenden, pyşyrdap aýdylana ýagşy düşünýäň.

— Batda uçup durkak, kalbyma dolan küýsegi aýdaýynmy? Gyz gülümsiredi.

— Sözle, ýöne, ýuwaşja aýt, gulaklarym jam ýaly eşidýär.

— Aýtsam... — Ýigit «kikirdäp» güldi.

— Birhiliräk-leý. Jahansoltanyň çydamy çat açana döndi. Gyssanmaç gürledi:

— «Ýeke gülen masgara» diýipdirler.

–– Diý, näme aýtjak bolsaň. Beýle gülkünç bolsa, bile «kikirdeşeli».

— Bat uçanymyzda, seni bäri-bärlerde goýasym gelmedi. Al-asmana äkidesim geldi. Gylawly deprenişim hem şoň üçindi. «Akmaýanyň ýoluna» deňiç göterilmek isledim. Şol ýola düşüp, bileje ýöräsim geldi. «Meni nirä alyp barýaň?» diýip soraýaň. Men hem: «Azajyk tagapyl et. Ony özüň hem görersiň» diýýärin. Daş-töweregimiz ýap-ýagty. Dumly-duşda ululy-kiçili ýyldyzlar lowurdaşyp durlar. Olardan saçylýan nur näçe ýiti bolsa-da, gözümizi gamaşdyrmaýar. Ýyldyzlara bakdygyňça bakasyň gelýär.

— Dagy zadyň-a bilemok, «Gaýypdan eşidilen owaz» diýýäniňdäki «Seniň ýerdäki Aýyň» diýen jümläni özüňden goşduň gerek?

— Oň ýalak bolgusyz pikir kelläňe nireden gelip ýör?

–– Çypbakaý-çynym. Eşidenimi nokat, oturyna çenli üýtgedemok.

— Eýýämden meni beýläňe geçirip ýörsüň-ow?

— Gaýypdan eşidilen owaz şeý diýýär. Onsoňam...

— Näme «onsoňam?»

— «Sakawyň soňuna seret» diýipdirler. Gürrüňiň şireli ýeri indi başlanýar. Yzyny diňlesene, yzyny. Seniň gözleriňe bakmarynmy! Maňa beýle gaýratyň nireden gelendigini bilemok. Öňler şonuň ýaly dikanlap garamaga milt edip bilmesem, näme. Ogryn seredäýenimde hem, utanjymdan ýaňa, derrew ýüzümi senden sowmak bilen bolardym. Häzir şeýle aýgydy maňa gaýypdan eşidilen owaz beren bolmaly. Hut şeýle! Biz şindem batda uçmagymyzy dowam edýäris. Şo halatda biz ne-hä ýerde, nede asmanda. Ýer, gögüň arasynda — diňe ikimiz. Beýle pursat adamyň ömründe örän seýrek bolýar. Men muňa «bagtyň çüwmesi» diýip düşünýärin. Şuňa görä-de, köp ýyllardan bäri ýüregimde baslygyp ýatan duýgularymy saňa birin-birin sözlemek küýsegi Jeýhun derýa bolup, joş urdy. Böwedi böwsülen sile döndüm-ow. «Jahansoltan! — diýdim.

— Sen şu dünýäde, hem o dünýäde geregim! Ýüregimiň soltany! Serwi boýuňa guwanyp gezen ýyllarymyň içinde özge gyzlara seretmän, diňe saňa kökerilip galanyma anyk aň ýetirdim. Men saňa aşyk bolan ekenim! Men seni söýýän!

–– «Söýgi» diýýäniň näme?

–– Onuň nämedigini şu çaka çenli şänik döwen ýaly edip bilen ýog-a.

–– Ilde ýok akyl nireden seniň kelläňe gelip ýör?» diýjegiňi aýnada gören deýin bilýän. Söýgiň nämedigini düşünjek bolup, niçezar oýlanyp gezdim. Şol matalyň ýorgudyny tapjak bolup, çaý-çörekden kesildim, gijeler uky maňa ýedi ýat boldy. Käteler seni söýýänligime özüm-özüme müňkür boldum. «Eger-de Jahansoltany söýýän bolsaň, subut et-dä» diýýän. Ýüzüm bada aşak sallanýar. «Söýýän!» sözümden başga tutarygym bolmasa, nä alaç edeýin men?! Gör, Söýgi näme ekeni! Bu dünýä sen diňe meniň üçin inipsiň. Men-de ýalňyz seniň üçin jahana dahyl bolupdyryn! Ýigidiň sözüne dyngy bereni hem şoldy, Jahansoltan dil açdy.

— Özüňe «ýygra, utanjaň» diýýärdiň. Şoň şeýle bolaýşyny. Seň-ä ýüzüň ýyrtyk ekeni. Goýar ýerde goýmadyň.

— Men bulary öz erkime aýdamok. Bary kalbymda bossan bolan duýgular. Olaryň özleri dilime gelip dur.

— Biçeme däl, ýöne meň-ä dilimiň jylawy mydam çekilgi.

Derkar ýylgyrdy. Gyza söýünçli bakdy. Jahansoltanyň hem özüne garamagyny isledi. Emma gyzyň nazary akyp ýatan ene ýapdady. Jahansoltan ýigide dikan bakdy. Emma sesini çykarmady. Derkar sözüni öňki hörpünde dowam etdi.

— Wiý, huşum gursun, tasdanam ýadymdan çykyp-da, kümämize uçup gelen garlawajyň ýanyna ýene-de bir garlawaç geldi. Olar mydama bileje. Bir-birlerini ýitirip tapan ýaly. Bat uçup durkak, özümizi şol goşa garlawaja meňzetdim. Kelläme gelip ýören zady diýsene. Olar — nire, biz nire. Bu ýerde nähili baglanyşygyň bardygyna hiç akylym çatanok. Derkar dymdy. Ol Jahansoltanyň sözlärine garaşdy. Aýdanlaryna gyzyň neneňsi garaýandygyny bilmäge howlugýardy. Häzir Derkar üçin Jahansoltanyň pikirini bilmek örän wajypdy.

— Näme sesiňi çykaraňok? Jahansoltan durşuny üýtgetmän, jogap gaýtardy.

— Näme diýmelimişim?

— Sen meni diňläňok öýdýän. Häliden bäri janygyp sözläp otyryn. Aýt şolar hakda. Gyz ýylgyrdy. Derkaryň sesi öýkeli çykdy.

— Nämä gülýäň? Men-ä güler ýaly zat aýdandyryn öýdemok. Jahansoltan gürrüňdeşine gyýa bakdy.

— Birinjiden-ä, men gülmedim, diňe ýylgyrdym. Ýigit sag elini silkip goýberişine, gyzyň sözüni şarta böldi.

Bedew — Tapawudy näme?!

 — Tapawudy ýer bilen gök ýaly olaň. Ikinjiden, sen, özgäň ýürek gürsüldisini diňläp bilýäň, hyýalyndakyny aňlap bilýäň, onsoň, nätjekdiň maňa öz başarýan zadyňy aýtdyrjak bolup? Derkara çusluk aralaşdy. Agramyny bir aýagyndan beýlekä atdy. Sag eliniň penjesi bilen yzyna gaňtarylan saçyny daraklap goýberdi.

— Elbetde, şoň ýalak ukyba eýe men. Ýöne göwnüňdäkileri öz diliňden eşitsem, ýüregime has-da jaý boljak. Jahansoltan başga köçeden gopdy.

— Degişme aýdyp bereýinmi?

Derkar nägileligini ýaşyrjak hem bolmady.

— Häzir men senden şony towakga etdimmi, nä?

Gyz «Tamdyran gyzanda ýap» diýlene eýerdi.

— Bir gezek Ependi märekä baryp, şeýle diýen: «Adamlar, meniň size aýtjak bolýan zadymy bilýärsiňizmi?» Märeke: «Ýok» diýip, jogap beren. Onda Ependi: «Bilmeýän bolsaňyz, şonlugyňyza-da galyberiň» diýýär. Adamlar: «Bilýäs» diýeliň, şonda Ependi näme aýdar?» diýişýärler. Ependiniň jogaby şeýle bolýar: «Bilýän zadyňyzy aýdyp nädeýin?» Märeke maslahatlaşyp, gelnen netijäni mälim edýär. «Ýarymyz bilýäs, galanymyz bilemzok». «Oň ýaly bolsa, has-da gowy. Bilýäniňiz bilmeýänlere aýdaýyň» diýip, Ependi öz ýoluna gidiberipdir.

— Men bärik seni degişme aýdyşmak üçin çagyrmadym, Jahansoltan. Häzirki pursat ikimiz üçin-de wajyp, has dogrusy ony «Ykbal çözüji» pursat diýip atlandyrsaň-da, öte geçdigiň bolmaz. Hany, maňa seret, gözlerime göni gara. Men bu sözleri seniň göreçleriňde öz keşbimi synlap aýdasym gelýär. Sebäbi häzirki dile getirjek sözlerim, häki bir, şüweleňli söhbet arasynda, gepiň gerdişine görä aýdylyp goýberilýän kelamlar däl. Gyz ýigidiň ýüzüne dikan bakan ýaly etdi-de, ýene-de nazaryny gapdala sowdy.

— Iki gulagym hem sende!

Derkar dogumlandy. Dim-dik durşuna, başyny belent tutdy. Sag elini çep gursagyna goýup, kalbynyň işigini giňden açdy.

— Jahansoltan, şu halallykdan nyşan akar suw, bizi penalap oturan goşa söwüt, dolan Aý, ýyldyzlar şaýat bolsunlar, men seni söýýän! Sensiz maňa ýagty jahanyň derkary ýok. Men öz manyly ömrümi, ak bagtymy, at-abraýymy, mertebämi, dowamat-dowamymy ýalňyz sende görýärin! Ykbalymy saňa bagladym! Sen hem meniň seni çyn ýürekden söýşüm ýaly meni halaýarmyň? Haýyş edýän, ýok, ýok, dyza çöküp ýalbarýan, sowalymy jogapsyz goýma!

Gyzyň elleri goşa örümiň birinde saklandy. Ol saçyny çöşläp-örüp durşuna, söz çemenini şeýle baglady:

— Durmuşda şeýle bir zatlar bar, olar barasynda dilden eşideniňden, ýürek bilen syzanyň has täsirli, ýakymly bolýar.

Derkar göçgünli gürledi.

— Diýmek, onda sen, razy-da! Hut şeýledir, sen-de meni söýýärsiň! Men muny ýüregim bilen duýup durun ahyryn! Şu hepdäniň anna güni, nesip bolsa, meň ejem, seň bolsa geljekki gaýyneneň size sözaýdyjy barar. Äm-säm bolup durmaz ýaly, duýduraý ejeňe ýagdaýy.

— Gudaçylyk gürrüňini ederden ir dälmi? Şindi sen okuwyňy hem tamamlaňok?

— Hünärmen bolmagyma sanlyja aý galdy. Onsoňam «bolýa-bolýa» edileni bilen, ur-tut toýa başlanylmaýar ahyryn. Hysyrdysy ýetik onuň. Nesip edenden, güýzüň ahyrky aýynda sähet alynsa, göwne jaý bolarmyka diýýän. Gyz ýigidiň garaşmaýan tarapyndan köwsarlady.

— Beren wadaňda durmadyň-a?

Derkar ör-gökden geldi.

— Haýsy wada hakda gürrüň edýäň?

Jahansoltan depesine garady.

—«Şu söwütleri ekeniň kimdigini bilerin. Seni-de habardar ederin» diýipdiň-ä. Ýigidiň ýüregi ýerine geldi.

— Hä, o diýsen-e, «Nämekä?» diýip, janym galmady. Bildim ony. Aýtmagy unudypdyryn. Seň özüň hem ýatlatmadyň-da. Ýadyňdamy, biz çagakak, obamyzda Mustapa aga diýen biri bardy. Haçan görseň, ýap arassalap ýörendir.

— Huşumda galmandyr.

— Meň welin, şu günki gün deý ýadymda. Her daýym deň-duşlarym bilen onuň ýanyna baryp, Mustapa aganyň işleýşini synlaýardyk. Onuň keýpi tutan çaglary bize aýdym aýdyp bermesi hem bardy. Ertekidir gyzykly gürrüňler hem bilýärdi.

— O ýaşuly näme maksat bilen ekdikä bu söwütleri?

— Onçasyn-a bilmedim, ýöne aýdyşlaryna görä, ýap syryp ýörkä, ýola taşlanan iki sany söwüt çybygyna sataşyp, olary hem ýabyň boýunda, ýagny, şu ýerde ekipdir.

— Taşlanan iki sany çybykdan şular ýaly howalanyp duran daragtlar emele geler diýilse, gözüň bilen görmeseň, ynanar ýaly däl. Haýran galaýmaly.

— Bilýäňmi näme?

— Näme?

— Men hem şu söwütleriň hersinden bir çybyk alaga-da, ikimizden ýadygärlik galar ýaly, ýap boýunda ekmegi ýüregime düwdüm. Sag tarapyndaky meňki bolup, çep kenaryndaky hem seňki bolsun.

— Näme üçin çep kenardaky meňki bolmaly?

— Keramatdan paýly ýürek hem çep gursakda mekan tutýar ahyryn. Jahansoltan ýuwaş gürlese-de, her sözüni pert-pert aýtdy.

— Ajap bolar!

Döwletmyrat Nuryýew.

  • 131
  • 28.04.2019