MAKALA

Sanly bilim ulgamy ― döwrüň talaby

«Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygy bilen  türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna amala aşyrylýan tutumly işler sanardan kän. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan işler hem şolaryň hatarynda. Bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesle bilim we terbiýe berlişini birjik-de ünsden düşürmeýändiginiň we ony dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde saklamagyň aladasyny yzygiderli edýändigine şaýatlyk edýär.

Geçen gysga döwre syn edenimizde, munuň hakykatdan hem şeýledigine güwä geçýän mysallaryň az däldigine göz ýetirýäris. Şu ýerde on iki ýyllyk orta bilime geçmegiň kanunçylyk binýadynyň «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we onuň esasynda kabul edilen beýleki resminamalarda goýlandygyny ýatlap geçsek, artykmaçlyk etmese gerek. Orta bilimiň hökmanylygy we her bir adamyň ony tölegsiz almaga hukugynyň bardygy bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda bolsa hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Karara gol çekdi.

Geçen döwürde bu resminamada görkezilenleri ýerine ýetirmegiň berk maddy binýady döredildi. Ýagny, täze gurulýan çagalar baglary, orta mekdepler bilen bir hatarda öňden bar bolan bilim edaralary kompýuterler, interaktiw tagtalar, okatmagyň multimediýa serişdeleri bilen üpjün edildi, okatmagyň häzirki zaman usullary tejribä ornaşdyryldy. Mugallymlaryň tejribesini kämilleşdirmek boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar. Ýokarda agzalan Kararyň mekdep okuwçylaryna, talyplara, mugallymlara internet ulgamynyň üsti bilen okuwlary geçmäge, tejribe alyşmaga giň ýol açandygyny, ondan peýdalanýan okuw mekdepleriniň sanynyň artýandygyny biz metbugatda berilýän habarlardan bilýäris. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän bu işleriň ählisi ýaşlaryň bagtyýar geljegine gönükdirilendir. Ýagny, ýakyn geljegi ösen tehnologiýasyz, ökde hünärmensiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Özgertmeleriň kanuny binýadynyň goýulmagy bolsa bu wezipeleriň dolulygyna amala aşyryljakdygynyň kepilidir.

 

Döwran Ýazgeldiýew.

  • 75
  • 29.04.2019