MAKALA

Ynsaply ýigit (rowaýat)

Aýtmaklaryna görä, gadym eýýamda Balh diýen şäher bolup, onuň hökümdaryna Mälik şa diýer ekenler. Mälik şa özüniň ýaşan döwründe öz welaýatyny adyllyk bilen dolandyrypdyr. Her hili arz-şikaýat bilen ýüz tutan raýatlarynyň çylşyrymly meselelerini adalatly çözüp beripdir. Onuň dolandyrýan ýurdunda bir garrynyň ýeke perzendi bolup, onuň adyna Agraby diýer ekenler. Bu eneli-ogul gaty garyplykda ýaşapdyr. Elinde başga hünäri bolmansoň, oglan tokaýdan arkasy bilen odun getirip, şäherde satyp, ölmez-ödi güzeranyny aýlapdyr. Şeýle günlerde aý aýlanyp, ýyllar dolanypdyr. Ýigit otuz ýaşa ýetipdir. Öýli-işikli deň-duşlaryny görende kemsinipdir. Beýle durmuşa uwnup çydamadyk ýigit enesine ýüzlenip:

 — Ene, mundan ýaşaýyş bolmaz, men-ä öz ýanymdan ölçerip-döküp, patyşadan kömek soramak kararyna geldim. Belki, rehimi iner, güzeranymyzy aýlar ýaly iş berer — diýipdir.

Ol şeýle hem edipdir. Onuň arzyny diňlän Mälik şa:

 — Eý, ýigit, seniň ataň näme kär eden, onuň yzyny ýöretseň bolmadymy? — diýip sorapdyr. Agraby:

— Belent mertebeli şahym, ol il-günüň halamaýan käri — ogurlyk bilen gününi aýlapdyr — diýip, jogap beripdir.

 — Ýigit, biziň halkymyzyň arasynda «Ata kesbi — ogla halal» diýen söz bar. Senem ataň kesbini ýörediber, ýöne meniň üç sargydymy berjaý et. Birinjiden, ynsaply bol. Ikinjiden, azan sesini eşiden wagtyň saklan. Üçünjiden, tutulsaň, gaçjak bolma, barybir seni meniň ýanyma alyp gelerler. Ine, meniň saňa berjek maslahatym, Alla ýaryň bolsun! — diýip, Mälik şa ýigidi ýola salypdyr. Agraby bolan wakany enesine gürrüň beripdir. Gel, bagtymy synap göreýin-le, «Bermezek taňrydan irmezek awçy» diýip, iki tanap kendir ýüpi biline daňyp, ýary gije ýola düşüpdir. Ilki golaýdaky oba baryp, ogurlyk etmekçi bolýar. Soňra bu pikirinden dänip, «Uzagrak oba siňeýin» diýen pikir bilen, daşky obalaryň biriniň çetinden girýär. Ine, görse, üç sany ak öý hatar tutup otyr. Gije paýawlap baransoň, Agraby gyssanyp, çetki öýüň bosagasyndan ätleýär. Mälik şanyň «Ynsaply bol» diýen sözüni ýatlap, üsti-üstüne goýlan üç sandygyň üstündäki iň kiçi sandygyň daşyna tanap salyp, arkasyna alýar. Ogrularyň piri Düňk-düňk babany çagyryp, arkasy sandykly bosagadan daşaryk ätlänem şol eken welin, azan sesi ýaňlanýar. «Wah, ýeser ýerde gaý tutdy» diýip, Mälik şanyň ikinji sargydyna görä, ýigit şol duran ýerinden butnamaýar. Ýuwunmaga çykan eli kündükli öý eýesi bosagadaky ýigidiň näme maksat bilen duranyny soraýar. Ýigit ogurlyga gelendigini, bir sandygy alyp gitmekçi bolandygyny gizlemeýär. Ogrynyň bu sözüni eşiden öý eýesi:

 — Oljaň-a oňupdyr welin, näme üçin gitmediň, näme, gapa sygmadyňmy? — diýip sorapdyr.

 — Wah, mümkinçiligim-ä bardy welin, azan tamam bolýança garaşdym — diýip, Agraby jogap beripdir.

— Onda ýene bir sorag: näme üçin üç sandygyň diňe birini, onda-da iň kiçisini aldyň?

— Olary almaga ynsabym çatmady. Öý eýesi şu kiçi sandykda 18 ýyllap ekinden, maldan düşen girdejiniň hüşür-zekadynyň ýygnanandygyny, kime berjegini bilmän saklandygyny aýdyp, ynsaply ýigide ak göwünden bagyş edipdir. Agraby öýüne baransoň sandykdaky teňňe-tyllalardan hojalyga gerek zatlaryny, enesine, özüne birlaý geýim alypdyr. Garyplykdan saýlanan ýigit daýhançylyk bilen meşgullanyp başlapdyr. Özüne mynasyp ýar tapynyp, uly toý tutupdyr. Olaryň toýuna gatnaşan Mälik şa şalara mynasyp toý sowgadyny edipdir.

 

Taýýarlan Atamyrat Torlyýew.

Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň ýaşaýjysy.

  • 37
  • 29.04.2019