MAKALA

Abuna – 2020

Gadyrly web-saýtymyzyň okyjylary

2020-nji ýylyň 1-nji ýarymy üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň abuna ýazylyşygy yglan edilýär.

Žurnalyň sahypalarynda siz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatlary, üstünlikli durmuşa geçirýän harby özgertmeleri, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatynda alyp barýan taryhy işleri dogrusynda makalalary okap bilersiňiz.

Şeýle-de dost-doganlyk serhedimizi goramakda serhetçileriň ýerine ýetirýän jogapkärli gullugyny, Watan mukaddesligini we serhet asudalygyny, şöhratly taryhymyzy, gahryman pederlerimiziň watansöýüjilige ýugrulan nusgalyk ýörelgelerini hem-de Gullugymyzyň durmuşyndaky beýleki möhüm çäreleri beýan edýän, ylmy we usuly makalalar, şeýle-de gyzykly hekaýalar, oýlanmalardyr rowaýatlar bilen hem tanşyp bilersiňiz.

Žurnalymyzyň «Sport», «Halypalaryň hormatyna», «Hünärim bar, hormatym bar», «Döwür we tehnologiýa» atly bölümleri arkaly hem gyzykly makalalary okap bilersiňiz.

Žurnalymyzyň «Hany, oýlanyp görüň!» atly bölümi bolsa siziň boş wagtyňyzy maşgalaňyz bilen has-da täsirli geçirmäge ýardam eder.

Ýylyň her çärýeginde çapdan çykýan žurnala «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň we onuň ýerlerdäki şahamçalarynyň üsti bilen 6 aýlyk abuna ýazylyp bilersiňiz.

«Serhet abat — Döwlet abat» žurnalyna ýazylmaga howlugyň!

                                                                                                                                                                     «Serhet abat — Döwlet abat».

  • 340
  • 13.05.2019